Habarlar

Garagum derýasynyň kenarynda bahar nagmalary ýaňlandy

21-03-2022 / 11

Şu gün — 21-nji martda ýurdumyzda türkmen halkynyň gadymy hem müdimi baýramy bolan Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabaralary uly şatlyk-şowhuna beslendi.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy  «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda paýtagtymyzda, Garagum derýasynyň toý lybasly, al-elwan kenarynda toýlandy. Bu ýerde ak öýler dikilip, toý gazanlary ataryldy. Halkymyzyň ekerançylyk medeniýetinden, durmuşyndan söz açýan sergiler guraldy. Ýaşyl maýsalar, milli tagamlarymyz, şol sanda semeni Nowruz baýramynyň bezegine öwrüldi. Bu ýerde toý tagamlary, türkmen topragynyň  bereketli naz-nygmatlary hödür-kerem edildi.

Dabaranyň fotosuratlara möhürlenen pursatlaryna ŞU ÝERDE seredip bilersiňiz!

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu