Paýtagtymyzdaky Çeperçilik sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň suratkeşleriniň Nowruz baýramçylygyna bagyşlanan «Bahar geldi – Nowruz geldi» atly eserleriniň sergisi açyldy. Merkeziň birinji gatynda 140-dan gowrak surat, zergär önümleri, keramiki gaplar ýerleşdirildi.
Sergidäki suratlarda köpdürli uslyp ulanylypdyr. Dünýäniň täze, adaty däl görnüşini batyrgaýlyk bilen özleşdirýän suratkeşlerimiziň köp taraplylygyna begenmän durup bolmaýar.
Sergi ähli tomaşaçylar üçin açykdyr.
«TürkmenGazet».