Nowruz gary ýagýar, erär, ýatmanam,
Soňky dem alşy bu ýolagçy gyşyň…
Baglary gar basdy, meni basýar gam,
Garalama depder, gowgaly başym…
Täze sene ýazýan onuň künjüne,
Dowamy ýok, soňy diňe ejirdir.
Uzyn gije pikir idäp, dümtüne,
Tiňkämi depdere dikip geçirdim…
Ýagan gar-a erär erte ikindin,
Gyş gider-de, geler ýazky maýyllyk.
Ýaz-a meniň üçin erteki diýmek,
Ýazmagam meýletin pida kaýyllyk…
* * *
Gözümi baglaýan perde ýyrtyldy,
Dagady darlygyň galyp-ülňüsi.
Jokondanyň juda täsin ýylgyrşy,
Žester-Sitaň juda gözel gülküsi
Göründi, eşdildi — gulagym, gözüm
Heýjandan heserläp,
Bakdy eserdeň.
Aňymdaky ýesir duşagyn çözüp,
Beýnimdäki hassa dyndy keselden.
Kebzämiň içine düýrlenip salnyp,
Iňňebagjyk bilen çatlan ganatlam
Perişde pikirden güýç alyp,
Galkyp,
Döwüp arkamdaky pyşdyl çanaklam,
Sanjak ýaly göge galkdy pelpelläp.
Alyp onuň iň bir ýiti ýelegin,
Syýa deý syrygýan ganymdan ölläp,
Maňlaýyna
Perde tutan pelegiň
Ýazdym ülňüleriň, perdeleriň-de
Bir gün ýyrtylýanyn, dagaýanlygyn.
…Gördüm Jokondanyň, Žesteriň bile
Meň halyma gyýlyp aglaýanlygyn…
* * *
Çyzyk çyzsam öz-özüme,
Çykmasam
Ondan daşa,
Başga tüýsli ýaşasam.
Syrly perdäň aňyrsyna jyklasam,
Ýazsam, ýatsam, tursam, ýazsam—boşasam.
Pürepür duýgulam bilsem gowzadyp,
Ownamasa ýöne pikir — pitnelem.
Oglankam ürküzlen sakar owlagym —
Dyzmaç ruhum gelse ýene — ýitmese.
Itdenem gorkmasam çygryň çäginde,
Gorkyny jorap deý taşlasam çöwrüp.
Minnet çekmän halamaýan kärimden,
Takdyryň «T» harpyn stola öwrüp,
Ýazgydy tüýtmeläp,
Göwnüme görä,
Üýtgedip,
Üýtgeşik ykbal döretsem.
Kysmatyň külpetli öwrümlerini
Gönüläp,
Göwnümi ýykman döretsem.
Çygryma del täsir aralaşmasa,
Şygryma ýat sözler süsňäp girmese
Hem-de pitne ruhum adamlaşmasa,
Ýazsam, ýatsam, tursam, ýazsam — irmesem…
* * *
Kelläme saçymdan ýasandym jyga,
Güllerden örülen otaga ýaly.
Serime giň jahan, asyrlar sygar,
Sen, gowusy, şygrym okama, ýarym!
Kyýamatyň beýanyna çalymdaş —
Terjimehaly bu ruhy halymyň.
Käte ol özüne idäp ylymdaş,
Taşlap kapas teni — gury gabygy,
Zyýarata gidýär asman-pelege.
Bir gysym ýyldyz hem Aýdan bir bölek
Sowgat diýip maňa alyp geleni
Ýadymda,
Eredip, çaýmaga derek
Jyganyň ýüzüne,
Düzüp sapaga,
Seň boýnuňdan asanymam essimde.
Şondan bäri men ruhumy tapamok,
«Hä» berenok «ruhum!» diýip seslensem.
Tapaýsam,
Örülen otaga ýaly,
Ruhumdan kelläme jyga ýasanjak.
Düşün, ol syganok bu tene, ýarym,
Pikirlem jahana syganok asla…
* * *
Düýşden uçan derwüş guşlar «küş» bilmez,
Perwaz urup, sümülýärler pikrime.
Olaň dili meniň üçin müşgil dil,
Düşünmämsoň olaň çekýän zikrine,
Aklym çaşyp başly-barat gowrundan,
Galandar şyrdagym geýip çümre men,
Dilmaç küýsäp perrendeler kowmundan,
Garşymdaky gara garga ümleýän…
Ol diňledi sepil guşlaň sesini,
Dymdy,
Ap-ak boldy gara perleri.
Edil adam ýaly gaşap ýeňsesin,
Aljyrady,
Adam ýaly derledi.
Soň başyny ýaýkap mejalsyz halda,
Goşuldy derwüşleň döwresine ol.
Şeýdip, ak guş bolup, ajaly aldap,
Goýup gitdi gara göwresini ol…
Agaran saçymy galdym penjeläp,
Dilmajym ýok guş dilini öwreden…
Ýa-ha ruh men göwresi ýok, seňselän,
Ýa-da ruhsuz boşap galan göwre men!
* * *
Heý, meniň deý ýadap görüpmidiňiz?!
Haýdap gördüňizmi
Meniň ýaly, heý?!
Her günde bir ýola ölüpmidiňiz?
Dirilipdiňizmi
Içip ajy meý
Deý ajy kofeni,
Täzeden jana
Gelip gördüňizmi,
Gözler ýalpyldap?!
Ýürek galpyldap,
Ýarylyp gördümi çydaman gussa?!
Argynlygyň agras daryndan sallan
Tanaba çolaşyp, bogulyp tüssä,
Asgyryp janlanyp,
Soň ölüp pallap,
Gämik deý gögerip,
Dogulyp assa,
Howlugyp ajala görüpmidiňiz?
Nesimä, Hallaja, Meşrebe meňzäp,
Aýdyň, siz şu gün, heý, ölüpmidiňiz?!
Nädip ýaşaýaňyz ölmän, heý,
Geň zat!