Halkara Nowruz güni «täze gün», ýagny «täze ýyl» diýen manyny aňladýar. «Nowruz» sözüniň köki «now» sözünden bolup, dünýäniň köp ýerine ýaýrapdyr.
Türkmençe «now» sözi rus dilinde «nowyý», nemes dilinde «noýe», latynça «neo», grekçe «neýa» sözleri görnüşinde ulanylýar.
Nowruz güni ylmy nukdaýnazardan Täze ýyl hasaplanylýar. Sebäbi, mart aýynyň 21-nden 22-ne geçilende, gije-gündiziň ýazky deňleşýän pursaty bolmak bilen, gyş pasly tamamlanyp, astronomiki ýaz pasly başlanýar. Şol günden beýläk tebigatda gündiz uzalyp, ýagtylyk köpelip ugraýar, garaňkylyk yza tesýär. Ähli zat janlanýar, ösümlikler, ekinler ösýär, tebigat gözelleşýär.
Nowruzda köplenç et iýilmän, onuň deregine ýerden önýän 7 sany ösümligiň hasylyndan bişirilen nygmatlar iýlipdir. Şonda ýyl boýy saçak doly bolýar diýlip, yrym edilipdir. Nowruz gününi kim-de kim şatlyk-şagalaň bilen garşy alsa , indiki Nowruza çenli ömrüň wagtyhoşlukda bolar diýlip hasap edilipdir.
Gündogar ýurtlarynda durmuşa çykmadyk gyzlara şol çün köpçülige goşulyp şatlanmaga, halaýan ýigidini äşgär etmäge, öýlenmedik ýigitlere-de gyz saýlamaga rugsat berlipdir. Şonuň üçinem, ýaşlar şol gün täze geýimlerini geýnip, bezenip çykypdyr. Gyzlar özleriniň boýy-syratyny, asyllylygyny, ýigitler edermenligini, akyllydygyny görkezmäge çalşypdyrlar.
TÜRKMENgazet