1999-njy ýylda Parižde geçirilen ÝUNESKO-nyň 30-njy Baş mejlisinde 21-nji mart — «Bütindünýä şygryýet güni» diýlip yglan edildi. Onuň şeýle atlandyrylmagynyň baş maksady bolsa, şahyrana beýan etme arkaly diliň dürli aýratynlyklaryny saklamak we ýitme howpy abanýan dilleriň ulanylmagyna mümkinçilik döretmekden ybaratdyr.
Bu günüň resmi taýdan diňe 1999-njy ýylda yglan edilendigine garamazdan, Bütindünýä şygryýet gününiň taryhy 1938-nji ýylda başlaýar. Hut şol ýylda meşhur şahyr Tessa Sweýzi Webb şeýle gün döretmek babatynda başlangyç bilen çykyş edýär we ABŞ-nyň Ogaýo ştaty bu islegi goldaýar hem-de 15-nji oktýabr şygryýet güni diýlip yglan edilýär. Baýramçylyk gününiň 15-nji oktýabrda bellenilmeginiň düýp sebäbi bolsa, şu günde meşhur Gadymy Rim şahyry Wergiliniň doglan günidi. 1950-njy ýyla çenli Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 38 ştatynda şygryýet güni bellemek däbi döredildi. Meksikada bu gün Milli Şygryýet güni hökmünde bellenilip başlanyldy.
Her ýylyň 21-nji martynda bellenilýän Bütindünýä şygryýet gününde medeni we dil taýdan aňlatmagyň iň gymmatly görnüşlerinden birini bolan poeziýany baýram edýär. Tutuş taryhyň dowamynda-da poeziýa jemgyýetiň aýrylmaz bölegine öwrülipdi. Ony her bir medeniýetde we yklymda ýüze çykaryp bolýar. Poeziýa iň ýönekeý goşgy setirlerini gepleşikleriň we parahatçylygyň hereketlendiriji güýjüne öwürmek bilen, umumyadamzat gymmatlyklarymyzyň beýany bolup durýar.
Bütindünýä şygryýet güni, munuň özi şahyrlary hormatlamaga, çeper okaýyşyň dilden-dile geçýän ýörelgelerini gaýtadan dikeltmegi, goşgy okamaga, ýazmaga we bu ugurda okatmaga bolan gyzyklanmany oýarmagy, teatr, tans, aýdym-saz we surat ýaly sungatyň beýleki görnüşleri bilen şygryýetiň arasyndaky arabaglanyşygy ösdürmegi, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şygryýeti giňden ýaýmagy üpjün edýär. Şygyr dünýäniň dürli künjeklerindäki adamlary ýakynlaşdyrýar.
Merjen JUMANAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.