Bir rowaýatda aýdylyşyna görä, gadym zamanda bir gelniň ilkinji perzendi dünýä inipdir. Onuň ýakymly “iňňäsini” eşidip ýetişmänkä, çagasy älemden ötüpdir. Dünýä inen ikinji balasynyň takdyry-da şeýle bolupdyr. Bu ene ýüregi üçin agyr zarba bolup, ene ýene-de hamsygyp galypdyr. Aý ötüp, ýyllar geçip, zenan üçünji perzendine howatyrly kalby bilen garaşyp başlapdyr. Garaşylýan wagt gelip ýetende, dünýä inen üçünji çaga ýene-de aglaman doglupdyr. Çagany gören ene perýat bilen Alla ýüzlenip, dertlerini şeýle bir ýürek paralaýjy heň bilen beýan edip başlanmyş, her goşgy setiriniň ahyrynda ýygy aralaş “Huwwa-huwa” diýip, gögi lerzana salypdyr. Diňe şondan soň çaga aglap başlapdyr. Çaganyň agysy enäniň kalbyny guwançdan doldurypdyr.
Ine, şu Alla ýüzlenilip aýdylan dertli goşga “hüwdi” diýen at dakylýar we ol mukaddes durmuş goşgusy hasaplanypdyr. Biziň ýurdumyzyň Lebap, Daşoguz welaýatlarynda hüwdüniň “Alla” diýlip atlandyrylýan ýerlerine hem duş gelmek bolýar, emma onuň ýörgünli ady “hüwdüdir”. Şondan bäri eneleriň jana şypa berýän goşgularynda, hüwdülerinde enäniň mähri, dünýäniň gözelligi, arzuw-hyýallaryny ilkinji günden başlap, çaganyň gulagyna guýlup gelinýär.
Beýik alym Abu Aly ibn Sina özüniň “Tib kanunlary” kitabynda hüwdüniň ähmiýeti hakynda şeýle diýýär: “Çaganyň beýnisini, bedenini, aňyny güýçlendirmek üçin iki zady berjaý etmek gerek. Biri çagany sallançakda üwremek, ikinjisi ony uklatmak üçin adat bolup gelýän ene hüwdüsidir. Şu ikisini çaga bedenine näçe köp mukdarda siňdirip bilse, onuň ruhy belent bolup ösýär.”
Rowaýata görä, Abbas diýen kaýsar şa kyrk wezirini çagyryp: “Meniň ýanyma iň süýji owazly bagşylary çagyryň, özleriniň ökdeligi bilen meniň göwnümi hoşlasyn” diýip buýruk beripdir. Wezirler ähli sazandadyr bagşylary ýygnapdyrlar, emma olaryň biri-de şanyň göwnünden turmandyrlar. Ahyry bir dana wezirleriň biri: “Şanyň alnyna bir enäni getiriň, ol hüwdi aýtsyn. Çünki, dünýäde eneden hoş owazly adam tapylmaz, hüwdüden belent goşgy ýok” diýipdir. Şondan soň şanyň ýanyna bir agyr külpetleri başyndan geçiren enäni getiripdirler. Ene gudraty güýçli Alla ýüzlenip, halkyň, ýurduň agyr günlerinden küýläpdir. Bu hüwdi şanyň göwnünden turupdyr we oňa gymmatly halat-serpaýlar ýapmagy buýrupdyr. Emma ene bulardan geçipdir we şanyň ähli garyp-pukaralary salgytdan azat etmegini sorapdyr. Şa enäniň islegini dessine berjaý edipdir.
Hüwdüler aýdylanda, goşgularyň soňuna “Alla, janym Alla” ýa-da “huwwa-huw” diýip goşýarlar. Zenanlar öz islegine görä, ýüreginden gaýnap çykan dürli sazlaşykly sözleri goşup bilerler.
Hüwdüni döredijiler, esasan, agyr zähmet çekýän zenanlar bolupdyrlar. Olar özleriniň hiç kime aýdyp bilmejek ýürek syrlaryny, agyr dertlerini hüwdi arkaly ýürekden çykaryp, azrak teselli tapyp ýeňläpdirler. Hüwdüniň güýjüniň täsirini belki hiç kim şu wagta çenli teswirläp bilen hem däldir.
Aýnur KURBANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dokma önümçiligi fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.