Habarlar

Ýazky bag ekmek dabarasy geçirildi

Bir nahal ekseň, ömrüň baky

20-03-2022 / 7

Şu gün — 20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji gatnaşan ählihalk çäresi hökmünde uly ähmiýete eýedir.  

Bu asylly işe ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylary hem uly ruhubelentlikde goşuldylar. Nahallaryň welaýatlaryň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna durnukly baglaryň görnüşlerinden saýlanyp alnandygyny-da bellemek gerek. Baharyň şu ajaýyp gününde ildeşlerimiziň şeýle tutumly çärä işjeň gatnaşmaklary milli özboluşlylygyň, agzybir halkymyzyň yhlasly zähmetiniň aýdyň ýüze çykmasy boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy bellenilen ýylda 25 million, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýiniň dabaralandyrylan ýylynda bolsa 30 million düýp agaç nahaly oturdyldy.

Bahar — jümle-jahanyň jana gelip, täze keşbe, täze görke girýän pursady. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bahary türkmenistanlylar üçin, turuwbaşdan, täzelenişiň, täze taryhy döwrüň badalgasy bolup geldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň düýn döwlet Baştutany wezipesine girişip, ilkinji gatnaşan çäresiniň ählihalk bag ekmek dabarasyna gabat gelmegini hem ýurdumyza ýaşyl baglardan serpaý ýapýan halkymyz gowulyga ýorýar. «Bir nahal ekseň, ömrüň baky» diýlişi ýaly, bag ýaşaýşyň dowamatlylygynyň nyşany hasaplanýar.

Goý, täze durmuşy buşlap gelen Milli bahar baýramynyň bosagasynda ekilen daragtlar geljege saýa salsyn!

Solmaz ÇARYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dokma önümçiligi fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu