HabarlarSlider

Taryhy gün: Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi

Serdar Berdimuhamedow - halkyň saýlan Prezidenti

20-03-2022 / 9

Bu gün Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň taryhyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetlilik däplerini alamatlandyrýan demokratik özgertmeleriň ähmiýetini açyp görkezýän sene hökmünde girdi. Mälim bolşy ýaly, 12-nji martda açyklyk, aýdyňlyk we giň bäsdeşlik esasynda, milli kanunçylyga hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirilen Prezident saýlawlarynyň jemleri boýunça iň ýokary döwlet wezipesine saýlawçylaryň köp sanly seslerine mynasyp bolan Serdar Berdimuhamedow saýlandy.

Şu gezekki Prezident saýlawlarynyň hil taýdan täze taryhy şertlerde geçirilendigini bellemek gerek. Häzirki döwürde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri hem-de zähmet ýeňişleri, ata Watanymyzyň halkara derejede beýik abraýa eýe bolmagy bilen baglanyşykly işleri amala aşyran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň möçberli maksatnamalar hem-de taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösüşi hem-de onuň parahatçylygyň, döredijiligiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly gadamy üçin ygtybarly binýady emele getirdi.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň habar berişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ata-babalarymyzdan gelýän demokratik ýörelgelerimize, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, ählumumy, deň, göni saýlaw hukugy, saýlawlaryň gizlinligi we saýlawlaryň erkinligi ýörelgelerinde hem-de bäsdeşlik esasynda geçirildi.

Saýlawlaryň geçirilişine Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenen milli synçylaryň 3 müňe golaýy syn etdi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň wekilleri, dünýäniň dürli döwletlerinden bolan halkara synçylar saýlawlara taýýarlyk işleri, onuň demokratik esaslarda geçirilişi bilen tanyşdylar. Abraýly halkara guramalaryň wekilleri, halkara synçylar toparlary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň asudalyk, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda, milli kanunlarymyza, dünýäde umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny aýdyň görkezendigini ykrar etdiler.

Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda geçirilen mejlisinde saýlawlaryň netijeleri jemlenildi. Türkmenistan boýunça 3 million 460 müň 80 saýlawçydan 3 million 362 müň 52-si ses berip, 97,17 göterim gatnaşyk boldy. Türkmenistan boýunça saýlawlarda ses berlişiniň netijesi boýunça — dalaşgär Perhat Begenjow saýlawçylaryň sesleriniň 2,02 göterimini, dalaşgär Agajan Bekmyradow 7,22 göterimini, dalaşgär Serdar Berdimuhamedow 72,97 göterimini, dalaşgär Berdimämmet Gurbanow 2,22 göterimini, dalaşgär Babamyrat Meredow 1,08 göterimini, dalaşgär Hydyr Nunnaýew 11,09 göterimini, dalaşgär Maksat Ödeşow 1,15 göterimini, dalaşgär Maksatmyrat Öwezgeldiýew 1,16 göterimini, dalaşgär Kakageldi Saryýew 1,09 göterimini aldy.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu