Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 193 sany agzasy köpçülikleýin welosiped hereketini howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde gural hökmünde goldamak baradaky ýörite Rezolýusiýany kabul etdi. 193 ýurt tarapyndan biragyzdan kabul edilen bu Kararnama Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi. Bu barada Orient habar berýär.
Bu başlangyç BMG-niň agzalarynyň biragyzdan ses bermegi bilen kabul edildi. Resminama BMG-niň ähli agza döwletlerini ösýän we ösen ýurtlarda welosipedi şäher we oba şertlerinde jemgyýetçilik ulagy hökmünde utgaşdyrmaga çagyrýar.
Durnukly ösüşi gazanmak we kömürturşy zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen, Kararnama agza döwletleri adamlaryň we kompaniýalaryň arasynda welosipediň ulanylmagynyň giňden ýaýradylmagyna ýardam bermäge we ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga çagyrýar.
Şeýle hem, kararnama welosipedleri kärendesine bermek hyzmatlaryny öz içine alýan täze ýörelgeleriň öňe sürülmegini goldaýar.
2018-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan hödürlenen başlangyjy kabul edip, 3-nji iýuny Halkara welosiped güni diýip yglan etdi.
«TürkmenGazet».