Göwün küýsegiSlider

Baharyň gelşi

Gülnabat Begenjowadan şahyrana oýlanma

19-03-2022 / 22

Yzyndan gürrüňini etdigim-ä däl welin, gyşy ugradyp, ýazy garşylanymyzda, ak-gara görkezýän telewizordan
reňklisine geçen ýaly bolaýýarys. Sebäbi bahar gelip-gelmän, özbaşyna hiňlenipjik, depelere-düzlere, sähralardyr alaňlara müň öwüşgin berip, tiken lybasyny geýdirip başlaýar. Onuň çyplaň agaçlara, ýalazy meýdanlara, çugutdyrypjyk oturan kindiwanja otlara geýdirýän lybaslarynyň hersiniň öz görkanalygy bardyr. Lybaslary dürli
nagyşlar bilen bejerişi-de, wagtynda ýetişdirişi-de täsin. Ýazda owadandan-owadan boljak bolup käbir jandarlaryň donuny täzeleýşem täsin. Bu barlygyň görkanalyk baýramyna goşant goşmak üçin gelin-gyzlaryň döredýän
keşde-nagyşlary täsin. Ol täsinlikleri biri-birinden üzňe göz öňüne getirmeg-ä asla mümkinem däl.
Bir gezek gülälekleriň içinde surata düşmek üçin ýaşyl köýnegimi geýdim. Başyma-da gyzyl gülli ýaglyjagymy daňyndym. Hamala ýaşyl köýneg-ä baldagym, gyzyl ýaglygam gülýapragymmyşyn.

Özümden göwnüm juda hoş halda ýüz görülýän aýnama bakyp, ertekidäki ýaly: «Jadyly aýnam, aýtsana, şu meýdanda heý, menden owadan gülälek barmy?» diýip soradym. «Ýok, meniň bikäm, siz güläleklerden has özüne çekiji bolup saýlanyp dursuňyz» diýip, aýnam jogap berdi. (Has dogrusy, özüm özüme aýnap jogap berdim). Dogrusy, ojagaz badyhowalygym suratlary synlap ugranymdan duw-dagyn boldy. Gün düşeni üçin gözlerim-ä bir süzüpdirin, üstesine ýylgyryşymam sähra gülleriniňki ýaly tebigy däl. Garagol şemalyňky näme diýsene, şolam edibilenini edipdir-ä: ýaglygymyň çowlarynyň hersini bir ýere galgadyp goýberipdir. Töweregimi alyp duran «joralarymdan» — güläleklerden bolsa kem tapar ýaly däl. Suratlaryň ählisini fotoenjamyň ýadyndan öçürip oturyşyma: «Ýaz güläleklerinden başga bäsdeş tapmadyňmy diýsene?» diýip, içimi gepletdim. Oturyp-oturyp muny suraty dogry tarapdan almandygymdanam gören bolýan. Ýöne özüňi aldanyň bilen tebigaty ynandyryp bolýamy näme?

Şonda islendik tarapdan surata alanyňda-da bahar gülleriniň şol bir gözelligidigine garaçynym bilen gözüm gidipdi. Baharyň açyk asmanyň astyndaky gözellik sergisine her gezek baranymda, täsinlikler dünýäsine aralaşan
ýaly bolýaryn. Sebäbi her gezek onuň mähir bilen garşylaýşy üýtgeşik. Baranyma begenip, daşymda tans oýnaýan kebelejikleriň arasynda pyrlanyp ýörşüme: «Men bu gün säher oýanyp, çykdym lälezarlyga, depäm üste ümmülmez gümmeze gözüm düşdi» diýip, tebigatyň şagalaňyna goşulyp ugranymdanam dünýe-älemi güňlenç ses gaplap alar. Ol gübürdide-de gaýtalanmajak gözellik bardyr. Garryja mamanyň sanajyny kakyşyna
hoş­wagt bo­lup, üs­tü­miň öl-myž­žyk bo­la­ny­na da­gy üns berläýse nädersiň?! Edil şol wagtam bahar: «Geleniňe
görä, şunam synlap git» diýýän ýaly, asmanyň ýüzüne owadan älemgoşaryny gerer. Tebigatyň asman gümmeziniň ýüzüne çeken täsin eserini synlap durşuňa, ezilen eginbaşyň nädip guranynam bilmän galarsyň. Baharyň sähra diýmän, dag-düz diýmän aýlanyp, ýuwup çykyşyny-da synlap doýar ýaly däl. Başga pasyllaryňam ýagşy ýok däl welin, baharyň damjalardan täsinlik döredişini deňäre zady men-ä tapamok. «Ös saçym, ös, ösmeseň bes, atyma — duşak, bilime — guşak» diýip, ol damjalaryň astynda heziller edip oýnaýşym… «Boýumyzy has tiz ösdürýändigi» üçinem çagalyk dünýäsinde baharyň gadyry üýtgeşikdir. Muňa çagalykdada ynanman duramzokdyk welin, soň-soň kitaplaryň dünýäsine edilen seýranlaryň netijesinde ylmyňam ol aýdylanlary tassyklaýandygyna göz ýetirdim.

Juwanlyk joşguny bilen aňyrdan dünýäni alazenzele edip gelýän bahar adamlara-da täsirini ýetirýär. Tutuş barlyk herekete gelýär. Ol hereket bolsa her ojaga bereket bolup gaýdyp gelýär. Baharda ebedi ýaşlyk bar. Onuň ertekilerdäki ýaly, uly adamlary-da çaga öwrüp bilşine haýran galaýmaly. «Maňa tapyl, maňa tapyl» diýşip, kömelejikler bilen gizlenpeçek oýnaşyp ýören ululary hiç kimiň geň görmeýşini-de näme bilen düşündirjegiňi biler ýaly däl. Baharyň göwün awlaýşy-da biz üçin nusga. Sebäbi ol aňyrdan gelşine, owadan güllerini ähli ynsanlara deň-derman paýlap çykýar. Zemini çemenzarlyklara, gülzarlyklara besleýşi bilen ynsanlara hemmäni deň söýmegi, arzylamagy öwredýär. Bu Diýarda seniň gadyrlanyşyň, söýgülenişiň üýtgeşik, bahar! Senden görk alan gözellerimize Bahar, Ýazgül, Ýazjemal, Gülbahar… ýaly atlaryň dakylmagy-da şol söýginiň beýany-da! Ýazyjy-şahyrlaram, suratkeşlerdir kompozitorlaram iň oňat eserlerini saňa bagyşlaýar-a, bahar! Şolary hasaba almanyňda-da, meniň özümiňem her gezek sen aňyrdan gül seçeläp geleniňde: Ýene gökde älemgoşar doguldy, Gagyldaşyp gazlar geçdi üstümden… diýip, çagalygymdaky ýaly owadan türkmen sährasyna aýakýalaň ylgap çykasym geliberýär…

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu