Awtor: Dewid J.Şwars,
Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW
«Üstünlik» sözünde ajaýyp zatlaryň ençemesi gizlenendir. Üstünlik gülläp ösüşdir: gowy jaýdyr, zähmet rugsadyny we syýahatlary geçirmek üçin giň mümkinçiliklerdir, maliýe taýdan durnuklylykdyr, çagalaryň durmuş badalgasy üçin aňrybaş derejedäki artykmaçlyklardyr. Üstünlik liderlikdir: üstünlikli adamlar biznesde we durmuşda öýkünmek üçin nusga bolup ýetişýändirler. Üstünlik erkinlikdir: ynjalyksyzlykdan, gorkudan, şowsuzlykdan we kanagatlanmazlyk duýgusyndan azatlykdyr. Üstünlik özüňe bolan hormatdyr, bu bagt we durmuşdan kanagat tapmakdyr, bu sizden garaşly kişiler üçin bolubildiginden köp zat etmek mümkinçiligidir.
Üstünlik ýeňişdir.
Üstünlik — bu ömrüň maksady! Hemmeler üstünlige ymtylýarlar. Her bir adam durmuşdan iň gowy zatlary almak isleýär. Ortataplyk hiç kime ýaramaýar. Hiç kim süýrenmek islemeýär, hemmeler uçmak isleýärler. Hiç kim hem özüni durmuş tarapyndan zor bilen üçünji derejeli wagona mündürilen ýaly duýgy bilen ýaşamak islemeýär.
«Daga süýşmegi buýruk berseň, ol şo bada boýun eger diýip pikir etmek — patarraky. Bu asla boljak zat däl ahyry!», siz şeýle sözleri hökmanam eşidensiňiz. Şunuň ýaly pikir edýänler «ynanmak» hem «isleg beslemek» düşünjelerini garjaşdyrýandyrlar. Dogrudan hem, diňe göwnüňde isleg beslemek bilen daglary gozgamak mümkin däldir. Diňe islemek bilen ýolbaşçynyň ýumşak kürsüsine, alty otagly, üç wannaly jaýa geçmek ýa-da ýokary girdejili adamlaryň hataryna goşulmak mümkin däldir. Emma welin siz ynam arkaly daglary ýerinden süýşürip bilersiňiz. Siz öz üstünligiňize ynanmak arkaly, üstünlik gazanyp bilersiňiz. Ynamyň güýjünde mistika-da, gözbagçylyk hem, jadygöýlük-de ýokdur.
Ynam aşaky ýörelgä laýyklykda hereket edýändir. Ynam, ýagny «Men başarjaklygyma doly derejede ynanýaryn» diýen kesgitleme maksada ýetmek üçin zerur bolan güýç-kuwwaty, başarnyklary we energiýany emele getirýär. Ynam: «Men muny başararyn» diýen çagynda, muňa nädip ýetmelidigi barada bilim peýda bolýar.
Her gün ýaşlaryň müňlerçesi täze işe başlaýarlar, olaryň her biri hem özleri üçin günlerde bir gün üstünligiň çür başyna çykmagy arzuw edýärler. Emma olaryň aglabasynda ynam ýetmezçilik edýär, şonsuz welin ol belentlige galmak eýgertmeýär — netijede, olar şol islegli belentlige galyp bilmeýärler. Gaýtam tersine, olar beýle belentlige göterilmegiň mümkin däldigine ynanýarlar, şol sebäpli-de olar belentliklere ýetirýän ýol boýunça hiç hili ädim ätmeýärler. Olar özlerini adaty adamlar ýaly alyp barýarlar. Ýöne bu ýaşlaryň içinden käbirleri (juda az sanlydy) özleriniň üstünligine ynanýarlar. Olar iň ýokarky belentlige çykmak ynamy bilen, özleriniň üstünligine, munuň mümkindigine bolan berk ynam bilen täze işe başlaýarlar. Olar gulluk wezipesi boýunça ýokarda durýan
adamlaryň özlerini alyp baryşlaryny synlaýarlar, olaryň meseleleri çözmäge we netijä gelmäge nähili çemeleşýändiklerini öwrenýärler. Üstünlikli bolmagy özleşdirýärler. «Men başararynyň» yzyndan hökman «Men nähili edilýändigini bilýärin» gelýändir.
Men bir ýaş zenany tanaýaryn, iki ýyl mundan öz ol ulaga tirkelýän göçme jaýlaryň söwdasyny etmek kararyna geldi. Tanyşlary we dost-ýarlary bu niýetinden dändirmek islediler, başarmajaklygyny, synanyşyp oturmagyň hem gerek däldigini aýtdylar. Ol zenanyň bank hasabynda 3.000 dollar hem ýok eken, başlangyç maýa hökmünde bolsa ondan ençeme esse köp pul gerek eken.
— Serediň ahbetin, siziň, gör, näçe bäsdeşiňiz bar?! Galyberse-de, göçme jaýlary satmakda, biznesi ýöretmekde siziň tejribäňiz beri barmy? — diýip, oňa köp aýdypdylar.
Ol bu işe şübhe bilen garaýanlara şeýle jogap beripdi:
— Men ykjam öýleriň bazarynyň tiz ösýänligine subutnamalary topladym. Bolup biläýjek bäsdeşleri hem içgin öwrendim-de, göçme jaýlary bu şäherde hiç kim hem menden gowy satyp bilmez diýen netijä geldim. Elbetde, men ýalňyşman bilmerin, ýöne welin tizara men bu işiň iň ýokary başyna çykaryn.
Şeýle-de boldy. Şowlulyga bolan mizemez ynamy oňa iki sany maýadary öz kärhanasynyň üstünligine ynandyryp, o diýen bir müşgilsiz pul tapmaklyga kömek etdi. Aňrybaş derejedäki ynam bilen üpjünlenip, ol mümkin däl ýaly bolup görünýän zada hötde gelmegi başardy.
— göçme jaýlary öndürijini harydyň ilkinji tapgyryny özüne nesýe bermäge ynandyryp bildi. Öten ýyl ol 1.000.000 dollarlykdan hem aşyryp, göçme jaýlary ýerlemegi oňardy. Ol zenan şeýle diýýär:
— Geljek ýyl 2.000.000 dollardan hem geçmegi niýet edinýärin.
Ynam, juda güýçli ynam biziň aňymyzy maksada ýetmegiň ýollaryny, usullaryny we serişdelerini gözlemäge mejbur edýär. Galyberse-de, siziň üstünlige bolan ynamyňyz ýokuşgandyr — ol özgeleri hem size ynanmaga mejbur edýändir.
Adamlaryň aglaba köpüsi ynama o diýen bir bil baglamaýarlar, kadadan çykmalar hem bolýar, ynha, hut şu adamlar hem Üstünligabat şäheriniň ilatyny ybarat edýändirler! Sanlyja hepde mundan öň ABŞ-nyň ştatlarynyň biriniň ýol gurluşygy departamentinde zähmet çekýän, döwlet işgäri bolan dostum maňa «daglary gozgamaga» ukyply bolan adamlar bilen duşuşygy barada gürrüň berdi:
— Geçen aý departamentimiz konstruktorçylyk edaralaryň birnäçesine gurulmagy meýilleşdirilýän täze awtoýol barada maglumaty ýollady. Taslamada umumy bahasy 5.000.000 dollar bolan sekiz sany köpriniň bina edilmegi göz öňünde tutulýardy. Bäsleşikli seçip alyşda saýlanan konstruktorçylyk edarasy köprüleriň taslamasyny taýýarlanlygy üçin umumy bahanyň 4 göterimini almalydy, bu bolsa 200.000 dollardy. Taslama barada maglumat şeýle edaralaryň 21-sine iberildi.
Olardan iň irileriniň dördüsi bäsleşige gatnaşmaga bada-bat razylyk berdiler. Galan 17-den (olaryň her birinde 3-den 7-ä çenli inžener-konstruktor işleýärdi) 16-sy isleg bildirmediler. Hödürlenen maglumatlary öwrenen inženerler başlaryny ýaýkap: «Bu biziň firmamyz üçin has giň gerimli ýumuş bolýar. Gynansagam, biz munuň hötdesinden gelip bilmeris, synanyp görmek hem zerur däl» diýdiler. Diňe düzüminde bary-ýogy üç sany inžener bolan bir edarada, taslamanyň meýilnamasyny gözden geçirip, maňa şeýle jogap berdiler: «Biz bu
işe başlaýarys». Ahyr netijede bu bähbitli buýurmany hut şolar hem aldylar.
Dostum diňe ynanýan kişileriň «daglary süýşürmegi» başarýandyklaryna öz tejribesinde göz ýetiripdir. Ynanmaýanlar bolsa «daglary gozgamaýarlar». Ynam güýji döredýär. Häzirki günde ynam daglary süýşürmekden hem has giň gerimli işlere ukyplydyr. Älemi özleşdirmek maksatnamasynda has ähmiýetli bolan element (maňa galsa-ha ýeke-täk ähmiýetli element diýerdim) ony özleşdirmegiň mümkinligine bolan ynamdyr. Adamyň äleme uçmagynyň mümkinligine berk hem sarsmaz ynam bolmasa, alymlarymyzda älem tehnikalarynyň üstünde işlemäge hiç hili gyzyklanma-da,edermenlik hem entuziazm-da bolmazdy. Düwnük keseliniň bejerip
bolunýanlygyna ynam bu dertden saplanmagyň täze dermanlarynyň we usullarynyň döredilmegine ýardam edýär.
Dowamy bar…
ajaýyp