Bilýäňmi nämeler üýtgedi?!
Hiç zat…
Ne-hä, bagtly boldum, ne-de betbagt.
Goşgulam diňlenýär gözleri ýaşlap,
Ýene ýaşamaga tapamok wagt.
Seýpelmelek boldum, Methaljemalyň,
Yşky bilen ýüregimi dagladym.
Munda hiç kim üçin gyzyksyz halym,
Bagtly goşgy ýazyp göwün awladym.
Arz etdim Asmana, seniň adyňy,
Dileg bilen bagladym her demime.
Düýşmidi… duýanym söýgiň dadyny,
Ýa ömürmi ynamyndan kemilen?!
Goşgyňda ýüregi ezýäň diýdiler,
Senden galan peşgeş bu üýtgeşik at…
Öňkiňden has gowy ýazýaň diýdiler…
Bilýäňmi nämeler üýtgedi?!
Hiç zat…
****
Bir ýola asmana uçdum, ynanyñ,
Bagtyñ gapysyny açdym, bir ýola…
Şonda maña ganat berdi ynamym,
Yşk meni şol hala saldy bir ýola.
Bir ýola bar zadyñ deñinden ötdüm,
Ýapdym gaýgy-hasratlaryñ işigin.
Bir ýola ykbaly serpaýdyr öýtdüm,
Düşüp ýorgudyna süýji düýşümiñ.
Bir ýola ynandym, ynandym çyndan,
Söýeniñe degýä diýip ömrümi.
Şol gezek, bir ýola… Bagt gapysyndan,
Ogurlatdym gaýyp ýören göwnümi.
Ähli zat kem-kemden geldi durkuna,
Oýandym, ynanyñ, ynanmañ hala…
Ömrüm gussa ýesir aldy durşuna,
Şondan soñ gam baky myhman hulkuma,
Ynamym bürendi şar gara şala,
Sebäp…
Yşk meni unutdy birden, bir ýola..
Hiç zat…