Nowruz baýramy öz köklerini taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Bu baýramda musulmanlar ýörite dürli tagamlar bişirip, birek-birege myhmançylyga barypdyrlar. Ýörite saçak bezäp, ol saçakda datly tagamlary, nowruz saçagyny bezeýän islegli tagamlardan azyndan ýedi dürli nahar bişiripdirler. Semeni, ýumurtga börek, mäşewe, palow, unaş, noýbaly nahar, etli çörek, towuk etinden, goýun etinden çorbalar bişiripdirler. Şol tagamlaryň naýbaşysy hem semenidir. Oňa “Äşe-Patmanyň aşy” hem diýipdirler.
Türkmen Sowet ensiklopediýasynyň 7-nji jildiniň 490-njy sahypasynda:«Semeni — süýji tagamly, goýy, bulamak görnüşindäki taýýarlanylýan, duzsuz bişirilýän milli tagam. Ony taýýarlamak üçin bugdaýy arassalap, agzy giň gapda 2-3 sm galyňlykda ýaýradyp goýmaly, ony her gün çyglap durmaly. Bugdaý şineläp gögerenden soň, onuň baldaklary ösüp, gök öwsüp ugranda, ony sokuda döwýärler. Gögeren bugdaýdan çykan süýji suwy aýratyn gaba süzüp alýarlar. Soňra şol şireli süýjümtik suwa un goşýarlar. Un goşulan şireli suw bulamak halyna ýetende, ony gaýnadýarlar. Ol haýal ýanýan otda azyndan 10-12 sagatlap gaýnadylýar. Semeni, köplenç, ýylyň bahar aýlary bişirilýär» diýlip, kesgitleme berilýär.
Nowruz baýramçylygynyň ýakynlaşmagy bilen, ýurdumyzyň şäherdir obalarynda bu lezzetli we datly tagam bilen baýramçylyk saçaklarymyzy bezemek hem-de hödür etmek üçin, adamlar ony taýýarlamaga girişýärler.
Semeni tagamyny taýýarlamak örän hysyrdyly bolup, ol köp wagty we ünsi talap edýär. Ýöne onuň lezzetli we datly tagamy welin, azap edip zähmet çekeniňe degýär. Ähli zady laýyk edilip taýýarlanan semeniniň tagamy agzyňdan gitmez. Şonuň üçinem, adamlar bu baýramçylygyň öňünden dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary bilen özara maslahatlaşyp, üýşüp, agzybirlikde semeni tagamyny taýýarlaýarlar.
Semeni üçin ekilen bugdaý maýsasy adatça, bäş güne ýetip-ýetmän gögerýär. Ýaşyl maýsa ösüp, bir serä ýa-da dört barmak beýiklige ýetende ony gyrkyp akja şinesi bilen alýarlar. Dürterip gelýän baldajyklar ýaprak ýaraýmanka semenini gaýnatmaly. Bir säwlik bilen ýaprak ýararyna galan bolsa, ýüzüni çyrpyp, gök ýapragyny aýyrmaly. Ýogsa semeni tagamy ajy kakýar. Ynanja görä, semeniniň bugdaýyny ýuwmak, ekmek we maýsalaryny ýetişdirmek il içinde abraýly, köp çagaly enä ynanylýar. Munuň aňyrsynda, täze ýylda «Enäniň döwleti ýaly köpelgiçlik, rysgal-döwletlilik, bereket hemmä nesip etsin!» diýlen ynanç-ýörelge bar.
Ýetişdirilen bugdaý maýsalary tüýdüp-tüýdüp ýuwup, üwmeç gurallarynda üweýärler we emele gelen şire-süýdi aýratyn gaba guýup, mynçgap-mynçgap, lötüni sykyp aýyrýarlar. Elekde ýa-da hasada süzüp, süýtli suwuny almaly-da, ony gazana guýup, eken bugdaýyňa görä (bir kilogramyna üç kilogram), un goşup, bulamak etmeli, gazanyň düýbi kesmek baglamaz ýaly aşagy pessaý otda gaýnadylýar. Eger kesmek tutsa bütin gazana ýaýrap, derrew semenini haraplaýar. Onuň ady hem reňkine görä (semen — mele sözünden) bolmaly.
Türkmençilikde mukaddes saýylýan zatlar babatda bir topar yryma eýerilýär. Semeni tagamy hem çörek, süýt, akar suw ýaly mukaddes zatlaryň biri bolansoň, onuň bilen baglanyşykly zatlary yrym edýärler.
Semeniniň sykylyp alnan lötüni tamyň üstüne, mal ýatagynyň ýokarsyna zyňyşdyrsaň, ýyl ýagynly gelermiş. Ony akar suwly ýaba atýanam bar. Şeýle edilende-hä, hut şol günüň özünde agşamara iň bolmanda, azda-kände sepeleýär weli, garaz ýagyn bolýar diýýärler.
Nowruz baýramçylygynyň güni säher bilen, gazanyň gapagy galdyrylyp açylanda, tagamyň ýüzünde dürli öwüşginli keşpler peýda bolýar. Şol nagyşlara bolsa Äşe-Patmanyň barmagynyň yzy diýip düşünýärler.
Semeni tagamynyň ýüzünde şahalary ýaýrap duran daragtyň şekilleriniň görünmesi,täze ýylyň rysgal-döwletli, bereketli geljekdigini aňladýar.
Semeni tagamyny Nowruz baýramynda taýýarlamak adat bolmak bilen bir hatarda, gyş paslyndan soň adam bedeni üçin semeni tagamyny iýmek peýdaly hasaplanylýar. Çünki gögerip barýan bugdaýyň kuwwatlandyryjy häsiýeti bolandygy üçin, adamyň saglygyny açlyk çekmek arkaly dikeltmegiň ündewçisi S.Pol Bregg hem uzak möhletli açlykdan soň tapdan düşen adam bedenini kuwwatlandyrmak üçin gögerip barýan bugdaýy iýmegi maslahat berýändir.
Semeni tagamyny taýýarlamak adamlaryň arasynda agzybirligi berkitmek, jebisleşmek ýaly jemgyýetçilik ähmiýeti hem örän uludyr.
Gunça NOWRUZOWA,
Türkmenabat şäheriniň 29-njy orta mekdebiniň mugallymy.