Siziň üçin...Slider

Näme üçin mekdep awtobuslary sary reňkde?

18-03-2022 / 11

Ilki bilen “Mekdep awtobuslary sary reňkdemi” diýip soralyň.

Sary reňk näme?

– Ol limonyň reňkimi?

– Bananyň reňkimi?

Amerikada mekdep awtobusynyň reňki açyk we goýy sary reňkde. Bu reňk limon we pyrtykalyň reňkiniň garyndysy… mango miwesiniň reňkine çalymdaş.

Onda näme üçin mekdep awtobuslarynyň reňkine açyk sary reňk diýilýärkä?

1930-njy ýyllarda Amerikada mekdep awtobuslary arassa sary reňkde bolupdyr. Şeýdibem “school bus yellow”, ýagny “mekdep awtobusy sary” termini iňlis diline girdi.

Açyk sary reňki barada käbir maglumatlar:

-Açyk sary reňk (we şoňa meňzeş bolan reňkler maşgalasy) beýleki islendik reňden has tiz ünsüňi özüne çekýär. Adamlaryň gözüne ilki bilen sary zatlar ilýär.

-Göniňe seretseň, öňüňde bolmadyk sary zatlary hem görýärsiň, hem-de beýleki reňklerden has çalt, hatda gyzyl reňkdenem. Alymlar saryny saýgarmak gyzyl reňkden 1.24 esse has tiz diýip hasaplaýarlar.

-Gyzyl bilen deňeşdirilende, ekspertleriň köpsi sary reňk garaňkylykda has gowy görünýär diýip belläp geçýärler.

Açyk sary maşynlar, ýük awtoulaglary we beýleki hereketlendiriji ulaglar barada käbir faktlar:

-Dumanly ýa-da islendik erbet howa şertlerinde hereketde bolan beýleki ulaglary ýeterlik derejede gowy görüp bilýäňiz.

-Diňe mekdep awtobuslary däl-de ýol ýasaýan, gazýan we beýleki şoňa meňzeş ulaglar hem sary reňkde bolýar, sebäbi birden ýalňyşyp öňüne düşseň saňa uly şikes ýetip bilýär. Fermalarda we daşarda adamlaryň hereketlendirijini giç görenligi sebäpli köp heläkçilikler bolýar. Eger onuň reňki sary bolsa, seniň duýduryşyň bolýar.

Orazmyrat HEMRAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň III ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu