Habarlar

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby ermeni dilinde

17-03-2022 / 9

16-njy martda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Dabara paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly Ermenistan Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu kitabyň medeniýeti öwreniji alymlar üçin türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna düşünmekde aýratyn ähmiýetli gollanma bolmak bilen, dünýäniň halklaryny ýakynlaşdyrýan dostluk köprüsidigini bellediler.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda köpugurly işleri, şol sanda halkymyzyň däplerini gorap saklamak boýunça tagallalary hem-de raýatlaryň rowaçlygy we Watanymyzyň gülläp ösmegi baradaky aladalary üçin hoşallyk bildirdiler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu