SliderŽurnalistiň sahypasy

Nowruz baýramy — nirede we nähili?

17-03-2022 / 10

Dünýäniň dürli ýurtlarynda, esasan hem Aziýa sebitlerinde 21-22-nji mart – Halkara Nowruz güni ýokary ruhubelentlikde bellenilýär. Geliň, bu baýramçylygyň dünýäniň dürli ýurtlarynda belleniliş aýratynlyklary bilen tanyş bolalyň!

Eýran. Eýranda Nowruz baýramy üçin 13 günläp taýýarlyk görülýär. Halkyň däp-dessuryna görä bu baýramda ot ýakylyp, onuň üstünden öz arzuw umytlaryň aýdylyp bökülýär. Baýram mynasybetli ýörite dabara gularyp, onda milli saz gurallar çalynýar, halk aýdymlary aýdylýar.

***

Özbegistan. Özbek halkynyň däbine görä Nowruz baýramynda öýe ilkinji gelen myhman hem-de onuň häsiýeti ol öýe mahsus diýlip düşünilýär. Baýramçylyk gününde horaz uruşdyrmak, at çapyşyklaryny geçirmek Özbegistanda has meşhurdyr.

***

Gazagystan. Gazagystanda bolsa, ýörite “Nowruz köjesi” diýlip atlandyrylýan tagam taýýarlanyp, oňa 7 sany önüm goşýarlar. Halkyň ynanjyna görä olaryň her biri gowy häsiýetleriň, alamatlary hasaplanýar. Bu günde ýurduň ähli ýerlerinde konsertler, sport ýaryşlary, gazak göreşleri, at çapyşyklar guralýar.

***

Türkiýe. Türkiýede Nowruz baýramy 22-23-nji martda bellenilýär. Ähli gowy ýörelgelere eýerilip, birek-birege arpa dänejikleri we teňňeleri sowgat bermek türkleriň däbi hasaplanýar. Şol güni hemmeler ir bilen täze geýimlerini geýip, öten-geçenleri zyýarat edýärler. Agşam bolsa, ýakyn dost-ýarlaryň bilen bilelikde baýramçylyk saçagynyň başynda ýygnanyşyp, daňdana çenli baýramçylyk bellenilýär.

***

Azerbaýjan. Azerbeýjanda Nowruz baýramynyň ilkinji güni birek-birege Täze ýyl gutlaglary aýdylýar. Bu halkyň däp-dessuryna görä baýramçylyk saçagynda 7 görnüşli tagam taýýarlanylýar. Baýramçylyk güni adatça daşky gapylar açyk goýulýar. Beýle edilmeginiň manysy öýe gelýän myhmanlary myhmansöýerlik bilen garşy alynýandygynyň alamaty hasaplanýar.

***

Türkmenistan. Eziz ýurdumyz Türkmenistanda hem bu baýramçylyk ýokary ruhubelentlik bilen agzybirlikde bellenilýär. Nowruz ýaýlasynda baýramçylyk dabaralary geçirilip, milli oýunlar guralýar. Türkmenlerde baýramçylyk güni ýakyn goňşularyňy bir gazanyň başyna üýşürip, “Äşe-Patmanyň” aşy hasaplanýan semeni gaýnadylýar. Şeýle-de milli oýunlar oýnalýar, hiňňildik uçulýar we “Şaman ody” ýakylyp, ýagşy arzuwlar bilen onuň üstünden  bökülýär.

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu