SliderŽurnalistiň sahypasy

Nowruzy Zaratuştra esaslandyrypmy?!

Gadymy baýrama degişli taryhy çeşmeler

17-03-2022 / 14

Asyrlar dowamynda bellenilip gelinýän milli Nowruz baýramynyň döreýiş taryhy örän gyzyklydyr. Bu baýramyň taryhyny aýtmazdan öň «Nowruz» sözüni seljereliň. Nowruz sözi «Täze gün» diýmegi aňladýar. Ýagny, now-täze, ruz-gün diýmekdir.

Nesilbaşymyz Oguz han atamyzyň döwründen bäri türkmen halkymyzyň dabaraly baýramlarynyň esasylarynyň biri bolan Nowruz baýramy hem halk bilen, gadymy geçmiş taryhymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu baýram diňe türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, Gündogar halklarynyň esasy we söýgüli baýramlarynyň biridir.  

Bu baýram gaty irki döwürlerde zoorastrizm dinini wagyz edipdir. Berilýän maglumatlara görä, iňlis barlagçysy M.Boýs şeýle belleýär: «Bu baýram Aşa-Wahişte («Iň gowy dindarlyk») we oda bagyşlanan gadymy baýramçylykdyr. Bu baýramçylygy Zorastrizm dinini döreden Zoratuştra esaslandyrandyr diýip çaklanylýar. Ol bu baýramy bellemek üçin gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyny saýlap alypdyr. Bu baýramçylyk ýylyň ahyrky möwsüminiň tamamlanmagyny – baharyň gelmegini habar beripdir we her ýyl zalym ruhuň ýeňlişi hökmünde bellenilipdir».

Nowruz ata-babalarymyzyň gadymy döwürden bäri belleýän täze ýyl baýramydyr. Täze ýylyň başy otparazlaryň mukaddes kitaby bolan «Awestada» gije bilen gündiziň deňleşýän gününe gabat gelýär diýip bellenilýär. Zorastrizm dininiň ýaýramagy bilen bu baýramçylyk dünýäniň dürli sebitlerinde dini baýramçylyk hökmünde bellenilip başlapdyr. Biziň bilşimiz ýaly Otparazlyk dininiň Watany güneşli Türkmenistanymyzdyr. Zoorastrizm dini Ahemeniler döwletiniň, Beýik Parfiýa patyşalygynyň döwlet dini bolupdyr. Şonuň bilen birlikde Nowruz baýramy şol döwletlerde uly dabara bilen bellenilipdir.

Beýik Parfiýa döwründe  Nowruz baýramynyň bellenilişi barada belli antik döwrüniň taryhçysy Kwint Kursiý Ruf: «Gije gündiziň deňleşen gününde ir bilen patyşanyň çadyrynyň depesindäki gümmeze Günüň ilkinji şöhlesi düşende, Günüň çekilen suratyny ýokary göteripdirler we şondan soň baýramçylyk başlapdyr» diýip, belläp geçýär.

Biziň eýýamymyzyň başynda mälim bolan türkmen halk dessany «Ergenokanda» wasp edilmegine görä, biziň ata-babalarymyz bolan Gök türkmenleriň demir daglary eredip, azatlyga çykyşlary  we öz Watanyna dolanyşlary suratlandyrylýar. Olar özleriniň azatlyga çykan günlerini «Ergenekon», ýagny «azatlyk güni» diýip atlandyrypdyrlar. Şol gün bolsa, mart aýynyň 21-ine gabat gelýär. Soňra bu baýramy türkmenler we beýleki türki halklar her ýyl bellemegi dowam edipdirler.   

Orta asyryň belli akyldarlarynyň biri bolan dünýä belli alym Abu Reýhan al-Biruny özüniň «Öten nesillerden galan ýadygärlik» atly eserinde orta asyrlarda Nowruz baýramynyň bellenilişi barada «Horezm ilaty Nowruzy adamlaryň döremegi bilen baglanyşdyrýar. Bu gün ferwerdin (ilkinji aý) aýynyň nowruz güni hasaplanýar. Bu baýram bütin türki halklaryň baýramydyr. Olar Nowruzdan iki gün öň öýlerini arassalap, keçelerini, halylaryny kakyşdyryp, päkizeläpdirler. Diňe soňky gün tagamly naharlary taýýarlap, goňşylary bir-birleriniň öýlerine barypdyr» diýip belleýär.

XVII  asyrda ýaşap geçen Hywa hany Abulgazy han özüniň «Türkmenleriň nesil daragty» atly eserinde oguzlaryň Nowruz baýramyny belleýşi hakynda «Oguzlar uzak wagtlap duşman bilen söweşip, öz ýurtlaryna dolanan günlerini mart aýynyň ahyry bilen baglanyşdyrypdyrlar. Şol güni «Erkin gün» hasaplapdyrlar. Olar uly ot ýakyp, onda demir gyzdyryp, çekiçläpdirler. Munuň özi oduň güýji bilen ýere we suwa täsir edip, ýeri we suwy gyzdyryp, sowugy kowduklary bolýar. Ýer janlanyp başlaýar, otlar gögerýär» diýip belleýär.

Umuman, Nowruz baýramynyň ata-babalarymyz tarapyndan bellenilip geçilişi hakynda ençeme maglumatlar taryhy çeşmelerde ýatlanylýar. Häzirki wagtda  Halkara  Nowruz güni – Milli bahar baýramy türkmen halkynyň milli baýramy hökmünde bellenilýär.

Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu