14-nji martda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyzyň rus dilinde neşir edilen «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Aýdylyşy ýaly, ýaratmak Biribara, döretmek adama mahsusdyr. Döredijilik bilen meşgullanýan adamlar bolsa, öz içki dünýäsi bilen utgaşdyryp, dünýäniň derdini duýup bilýän adamlardyr. Täze pikir-garaýyşly syýasatçy, parasatly strateg we başarjaň ýol görkeziji, gujurly özgerdiji hem-de ajaýyp guramaçy, halkymyzy we bütin dünýäni ruhlandyryjy Gahryman Arkadagymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitaby kämil ideologiýanyň nusgalyk beýanydyr. Bu kitabyň rus dilinde neşir edilmegi dünýä okyjylary üçin täze mümkinçilikleri döreder.
Tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Watanymyzyň özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyk, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli erk-isleg hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly döwlet hökmünde bütin dünýäde tanalýandygyny bellediler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen ählumumy başlangyjy ilerletmek boýunça teklibiniň halklaryň parahatçylykly ýaşamagy ugrunda, özara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň kemala gelmeginde ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegine gönükdirilendigi bellenildi. Daşary ýurtly diplomatlaryň belleýişleri ýaly, «Abadançylygyň röwşen gadamlary» kitaby alymlar üçin hem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem uly gyzyklanma eýedir, Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň taryhy ähmiýetini beýan edýän örän möhüm resminamalaryň çeşmesidir.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, Watanymyza we halkymyza çäksiz söýgüsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Nowruz KURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.