Kinofilmiň ady ýadyma düşenok. Şol filmde bir obadaky bolýan waka gürrüň berilýär. Filmden bir parça, meniň hakydama jezwerlenipdir. Asla unudyp bilemok. Bir gyz, jorasynyň ýanyna barýar-da, ýalan-ýaşryk gürläp, gümän bilen, kimdir bir gyzyň hamyladygyny aýdýar. Ol gyz, jorasyna bu ýalany aýdanynda şeýle diýýär: “Jora jan, hiç kime aýdaýmagyn. Ýere bakandan ýer gorkar, diýileni-dä. Görersiň, ine meniň aýdanym dogry bolup çykar.” Jorasy bolsa oňa: “Arkaýyn bolaý, hiç ýerde dil ýarmaryn” diýýär-de, olam baryp bir jorasynyň ýanynda bu gürrüňi aýdýar. Jorasam jorasyna, jorasynyň jorasy hem jorasyna… Şeýlelikde obada, pylanyň gyzy hamyla, diýen gybat ýaýraýar. Namysly, edep-ekramly maşgala töhmet atylýar. Bu ýalan geplere ynanan kakasy, gyza azar-ýamanny berýär. Bir ýalan gep, bir naçary nähili ýagdaýa salandygyny siz özüňiz göz öňüne getiräýiň. Bu nähili güzaply zulum? Eýsem kimdir biriniň ykbalyny köteklemäge kimiň haky bar?
Awtobusda barýaryn. Garşymda iki aýal maşgala otyr. Biri beýlekisine: “Bilýäňmi? Obaň çetinde ýaşaýan pylanylar bar-a. Ana şolaryň mugallym ogly bolmaly. Şol mugallymaň-a agzy hapa diýýärler” diýip gepe başlaýar. Beýleki aýal bolsa oňa: “Hä, asyl şeýlemi? Biziň il bilen işimiz ýokdur. Aýdylýan bolsa bir zady bardyr, onuň” diýýär. Şeýdip iki aýalyň arasynda obadaky ähli bolan wakalara hakda gürrüň, seljeriş işleri başlaýar. Herkim kimdir biri hakda öz pikirini aýdýar. Beýlekisi bolsa ony ýa makullaýar, ýa bolmasa onuň ýalňyşyny düzedýän kişi bolup, öz pikirinem suňşurýar. Eger adamlaryň gürrüňleriniň dogrulyk derejesini ölçeýän bir kompýuter enjamy bolsady. Onda şol enjamyň ekranynda ol aýallar hakda şeýle sözler ýazylardy: “Olar zulum edýärler. Jenaýat edýärler. Adamlaryň hak, hukugyny depeleýärler”.
Adam gör nähili zulum işlere baş goşup bilýär. Onda-da bilkastlaýynam däl. Näme parhy bar? Barybir bilkastlaýyn bolmasa-da, jenaýat jenaýat bolýar. Adam herbir etmişi üçin jogap bermeli. Biziň her bir sözümiz, her bir hereketimz ertir biziň nirede boljagymyzy kesgitleýär. Durmuşda hatarly ýollar az däl. Eserdeň bolmaly. Kim bilip dur? Ertir pelek başyna nähili oýunlar saljak? Ýöne welin fiziki kanunlaryň Dünýäniň her bir ýerinde üýtgemeýşi ýaly, käbir kanunlary özüne ýörelge edinen adama, durmuşda hiç ýerde zowal ýokdur. Ol adam islendik ýagdaýda dogry ýoly saýlamagy başarar. Şeýle kanunlary ýörelge edinýänler, bagtlylardyr. Şol kanunlaryň biri-de – gybat etmezlik.
Janly-jandarlar bu Dünýäde gözlerini açsalar bolany. Olar özleriniň etmeli işlerini birkemsiz ýerine ýetirýärler. Ördek ýumurtgadan çykanynda, eýýam suwda nädip ýüzmelidigini bilýär. Adam bolsa beýle däl. Adam okap, bilim alyp, ýigrimi-otuz ýylyň dowamynda hamhaýyllykdan saplanýar. Adamogly diňe okap, öwrenip hakykata göz ýetirýär. Okuw, ylym-bilim edil nur ýalydyr. Olaryň baran ýeri ýagtalýar. Ak bilen garany saýgaryp bolýar. Ana şonda hakykatyň nämedigini, nirededigi belli bolýar.
Her bir dogryny, her ýerde aýtmaklyk dogry däldir. Elbetde, adam diňe dogry gürlemeli. Ýalan gürlemeli däl. Emma her bir dogry zady nirede aýtjagyny bilen ýagşy. Başgaça aýdanyňda, gaş düzetjek bolup, göz çykarmaly däl. Şol sebäpden adam gybatdan daşda durmaly.
Gybat — kimdir biriniň yzyndan gürrüňini etmek, has takygy, biriniň ýüzüne aýdylanda halamajak zadyny yzyndan aýtmak diýmekdir.
Kimdir biriniň bedeni, ahlagy, işi, dini, geýimi, öýi… ýene-de sanardan köp zatlar gybat etmäge ýeterlik sebäplerdir. Gözüniň çaşy bolmagy, saçynyň kel bolmagy, boýunyň kelte ýa-da şilliň uzyn bolmagy… Bu zatlar adamyň ýüzüne aýdylsa, göwnüne almagy mümkin
Il arasynda “Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar” diýen nakyl bar. Näme üçindir “Gazana degseň, garasy ýokar” diýilmändir. Haram işe ýanaşsaň bolany, sen nädip bu gorpa ýykylanyňy bilmän galarsyň. Şol sebäpden nakylda “Gazana ýanaşsaň” diýilipdir. Harama sowuk-sala garamazlyk üçin, bu nakylda haramyň hat-da golaýyna-da ýanaşylmaly däldigi nygtalýar. Köpümiz bilmeýän bolsa-da, bilýän däldir. Gybat etmeklik hem haram işleriň biridir. Pygamberimiziň (s.a.w) aýdyşy ýaly: “Gybat, kabul edilen dilegleri, adamyň sogaplaryny, edil ataşyň gury odunlary ýakyşy ýaly, ýakyp ýok eder”
Hasan Basry Hezretleriniň ýanyna bir adam gelýär. Olaryň arasynda şeýle gürrüňdeşlik bolup geçýär:
– Pylany sen barada şeýle-şeýle ýakymsyz zatlar aýtdy.
– Haçan?
– Şu gün.
– Nirede?
– Öýünde.
– Onuň öýünde näme edýärdiň?
– Şüweleň bardy, şonuň üçin barypdym.
– O ýerde näme iýdiň?
– Şuny-şuny… Aý, garaz, sekiz dürli naharyň hemmesinden iýdim.
Mundan soňra Beýik ymam:
– Bäh-eý, sekiz dürli nahary garnyňa sygdyrdyň-da, bu sözi içiňde saklap bilmediňmi? Tur git ýanymdan – diýip, ol arabozary öz ýanyndan kowýar.
Taryhyň gatyny agtarsaňyz, pitne bilen nijeme döwletler ýykylýar. Pitne bar ýerinde agzalalyk bardyr. Pitne şeýle bir paýyhanlaýjy welin, ol baran ýerine ýer bilen ýegsan edýär. Pitne bolsa ýene-de gybatdan döreýär.
Säher bilen turup, ýagty jahany ýüzüme sylýaryn. Täze dogan Günüň çogy penjirämden görünse bolany, kalbymy ýyladýar. Çüýşe ýaly dury asmana seredýärin. Nepesim durlanýar. Daşarda asudalyk, imisallyk bark urýar. Agaçlardaky düzüm-düzüm bolup oturan guşlaryň hoş owazy ruhuňy törpüleýär. Radiodan: “Mähribar adamlar! Häzir, Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda sagat alty” diýen ýakymly ses eşidilýär. Ruhuň göterilýär. Bu gün meniň üçin ýene bir täze durmuş sahypasy açylýar. Men “Bu günki sahypama ýeke tegmilem degirmerin” diýen niýet bilen täze güne gadam basýaryn. Hudaýa ýüzde-müň şükür edýärin. Ýurdumyz, il-günümiz parahat, asuda durmuşda ýaşaýar. Ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatlarynyň netijesinde ýurdumyz täze-täze ösüşlere gadam basýar. Şeýle ýaşaýyş gör nähili ajaýyp! Goý, her kimiň durmuşy ajaýyp bolsun. Ajaýyp adamlar köpelse, ýaşaýyşam ajaýyplaşar. Biziň her birimiz ajaýyp ýaşaýyşa teşne dälmi eýsem? Geliň, ajaýyp durmuşda ýaşamak üçin, gybatdan daşda duralyň. Gybat, ýaşaýyşyň ajaýyplygyny söndürýän närse. Artykmaç gürlen ýerimizde, goý endamymyz jümşüldesin, ýüzümiz gyzarsyn. Agzymyzdan gybat çykdygy, goý dilimiz Magtymguly atamyzyň şu setirlerini gaýtalasyn: “Ömrüň ýele berme, azma ýoluňdan! Agyrtmagyl iliň-günüň, gybatkeş! ” Geliň, altyn zamanamyzyň hormatyna, durmuş sahypamyzdan gybaty baky öçüreliň!
Eziz AKAÝEW.