Göwün küýsegiSlider

Ýör, göwnüm!

Akmyrat Jumaýew

14-03-2022 / 32

Tur, göwün, gideli, 
gaşymyz çytman, 
Ykbalyň ýalkajak, güljek ýerine. 
Bu ýerlerden biziň tamamyz çykmaz,
Bu ýerler degenok alyn deriňe.

Haýsy kysmat bilen geldik azaşyp,
Göripleriň bagty çüwen ýerlere?!
Gara bagryň gidermikä badaşyp,
“Körlere” — yş, owaz bolup “kerlere”?!

Ýör, gideli, yzymyzda turuzyp
Bahyllara süýji-süýji gybaty.
Hemem olaň begenjini örüzip,
Gün bereli, ýaşasynlar ybaly.

Aýaklarna tiken çümüp nalanlar
Çüý bolup çümenin bilmez ýürege.
Haşal ot deý basar bizi nadanlar,
Ylym üçin dönsek ýelim-ýüpege. 

Biziň bilen gurulmandy bu dünýä,
Bizsizem ýaşar ol!
Ýykylmaz!
Sarsmaz!
Ýör, göwün, gideli,
batma:ly ünjä, 
Biziň üçin dünýäň gözýaşy sarkmaz!..

Akmyrat JUMAÝEW.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu