Şweýsariýanyň Dawos şäherinde 1971-nji ýyldan bäri geçirilýän Bütindünýä ykdysady forumynda (WEF) adamzat jemgyýetiniň ykbalyna gönüden-göni täsirini ýetirýän wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bütindünýä ykdysady forumynyň ýyllyk maslahaty koronawirus pandemiýasy sebäpli iki ýyl arakesmeden soň, 2022-nji ýylyň 22 — 26-njy maýynda Dawosda geçiriler.
Bütindünýä ykdysady forumy Şweýsariýanyň hökümete degişli bolmadyk guramasy bolup, dürli ugurlar boýunça öňdebaryjy telekeçileriň, syýasatçylaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda her ýyl geçirilýär. Guramaçylaryň habar bermegine görä, bu forumyň ilkibaşda 17-nji ýanwarda geçirilmegi meýilleşdirilipdir.
Ykdysady forumyň barşynda pandemiýadan saplanmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, has gowy iş şertlerini döretmek we dördünji senagat rewolýusiýasynyň tehnologiýalaryny ulanmak ýaly meseleler ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Soňky iki ýylda bolup geçen ähli wirtual ýygnaklardan soň syýasy liderler, işewürler we raýat jemgyýetiniň ýolbaşçylary ýene-de duşuşarlar — diýip, Bütindünýä ykdysady forumynyň esaslandyryjysy we başlygy Klaus Şwab belledi.
Klaus Şwab adamzadyň öňünde durýan meseleleriň çalt çözülmegine goşant goşjak ynam atmosferasyny döretmäge çagyrýar. Dünýäniň sosial-ykdysady ýagdaýynyň has-da gowulanmagy, iri ykdysady we syýasy bileleşikleriň, aýry döwletleriň, korporasiýalaryň, kompaniýalaryň bähbitleriniň gabat gelmegi forumyň iň esasy maksady bolup durýar. Ştab-kwartirasy ýurduň Koloni şäherinde ýerleşýän foruma gatnaşýan döwletleriň sany ýylsaýyn artýar.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.