
Şeýle diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça GDA-nyň Synçylar wekilliginiň ýolbaşçysy Leonid ANFIMOW gürrüň berdi.
— Biz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilliginiň agzalary hökmünde 28-nji fewraldan bäri Türkmenistanda bolup, saýlaw möwsüminiň geçişine syn etdik. Iki hepdäniň dowamynda ýurduň çäginde döredilen saýlaw uçastoklarynyň 15-den gowragyna baryp görüp, möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä görülýän taýýarlyk işleri bilen ýakyndan tanyşdyk. Biz welaýatlaryň, şeýle-de etrap saýlaw toparlarynyň alyp barýan işlerini hem doly gözden geçirdik. Şulardan ugur alyp, bir zady aýratyn nygtamak isleýärin: Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna taýýarlyk çäreleri örän ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi. Olar Prezident, parlament saýlawlaryny hem-de sala salşyklary geçirmek boýunça ýurtda kabul edilen kanunçylyk namalaryna, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda guralyp, demokratik däpleriň we saýlawlarda giň bäsdeşligiň, aç-açanlygyň üpjün edilmegini doly göz öňünde tutýar.
Biz saýlaw uçastoklarynda bolanymyzda, saýlawlary geçirmek boýunça alnyp barlan işleriň talap edilýän ähli kadalara laýyk gelýändigine şaýat bolduk. Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-sy üçin hem saýlaw möwsüminde deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň üpjün edilendigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Olaryň saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklary hem-de saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary teleýaýlymlardyr metbugat neşirleri arkaly deň derejede halk köpçüligine ýetirildi. Dalaşgärler üçin berlen 15 minutlyk efir wagtyndan daşary hem ýurduň teleýaýlymlaryndaky habarlar gepleşiklerinde wagyz işleriniň barşy giňden we dessin şöhlelendirildi. Saýlaw uçastoklarynyň ählisinde dalaşgärleriň terjimehallarydyr maksatnamalary bilen ýakyndan tanyşmak üçin ýörite diwarlyklar goýuldy. Döredilen amatly şertlerden peýdalanyp, saýlawçylar degişli gollanmalardyr kanunçylyk namalary bilen hem islendik wagtda tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
«TürkmenGazet».