12-nji martda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary aýanlyk, açyklyk hem-de raýatlaryň erk-islegleriniň erkin beýan edilmegi ýörelgeleri esasynda geçirildi. Saýlaw günündäki çäreler milli demokratiýamyzyň has-da dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda 18 ýaşyny dolduryp, saýlaw uçastoklarynda ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylaryň ýurdumyz boýunça jemi 98 müň 940-dan gowragy hasaba alyndy. Saýlaw uçastoklarynyň ýanynda göçme nokatlaryň işi ýola goýlup, halkara synçylara we saýlawa gelen saýlawçylara dürli-dümen tagamlar, şirin miweler hödürlenildi.
Saýlawlar gününde ulaglaryň hereketiniň we internetiň işleýşiniň ýokary hilli üpjün edilendigini aýratyn bellemek gerek. Şonuň bilen baglylykda, Prezident saýlawlarynyň geçişi türkmen we dünýä habar beriş serişdelerinde dessin şöhlelendirildi.
Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary öz joşgunly çykyşlary bilen 12-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny hem hoş owazlara beslediler. Saýlaw uçastoklarynda döredijilik toparlarynyň ir säherde başlanan belent heňli aýdym-sazlary bu möhüm çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Bu çäreler halkara synçylarynda hem uly gyzyklanma döretdi. Olar ýurdumyzda geçirilýän Prezident saýlawlaryna ýokary baha berdiler.
«TürkmenGazet».