Häzirki wagtda NASA üstünde işleýän täze taslamasy bilen Marsda rahat syýahat etmegiň täze-täze ýollaryny tapmaga çalyşýar. Bu taslamanyň maliýe goldawy hem mälim edildi.
Amerikan Awiasiýa we Kosmos Dolandyryşy tarapyndan durmuşa ornaşdyrylan birnäçe programmalaryň kömegi arkaly adamzat bilen kosmosyň aralygy günsaýyn azalýar. NASA-nyň, esasan hem Marsa syýahatçylyk saparlaryny gurnamak ýaly möhüm taslamalary bar. Bu edara taslamalarynyň sanawyna ýene-de bir taslamany goşmaga taýýarlanýar.
Taslama NASA-nyň “Täzeçillikli ösen düşünjeler” atly bölüminiň bir bölegi hökmünde amala aşyrylar. “Ösen innowasiýa düşünjeler” atly programmany döretmek üçin maliýe goldawy hem tassyklandy. Bu maksatnamanyň çäginde möhüm taslamalary durmuşa ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Iň möhümi bolsa kislorod silindrine zerurlyk bolmazdan, Marsyň atmosferasyndan arkaýyn dem alyp bilmek. Bu taslama häzirki wagtda karara gelmek tapgyrynda.
Mars planetasynyň atmosferasyndan kislorod öndürmek üçin termiki yrgyldama diýip atlandyrylýan bu amal sumka görnüşinde bolup, içinde göçme generator ýygnanyşygy bolar. Munuň üçin zerur gözlegler häli-häzirem dowam edýär. NASA-nyň Kosmos tehnologiýasynyň missiýa müdiriniň orunbasary şeýle diýdi: “NASA-nyň älemi öwrenmeklik wezipesi täze tehnologiýalary we işiň täzeçe usullaryny talap edýär. Adamlar we robotlar bilen gözlegiň has çylşyrymly maksatlaryna ünsi jemlänimizde, täze-täze innowasiýa ideýalary dörär. Bu döredijilikli pikirleri öwrenmek, ylmy fantastikany ylmy hakykata öwürmek üçin ilkinji ädim bolar.”
«TürkmenGazet».