Ýeri näme diýip, näme aýdaýyn,
Sütemkär gözleriň synagy niçik?!
Bar syrymy ýüze çykaryp barýar,
Rentgen deý, nazaryň içimden geçip.
Gabaklarňy serpen çagyň gözüňden,
Gözüme üýtgeşik ýakym çaýylýar.
Kalbym sema oýnap, sowan gursagym,
Seň naşyja näzikligňe çoýunýar.
Sen owadan, düýşegirginç owadan,
Kämil sen Mosartyň mukamy deýin!
Her säher seň höwesiňde oýanyp,
Seniň arzuwyňda uka gideýin.
Duşsam aljyraýan, senem aňýansyň,
Alajyn gözleýän sowarak gezmäň.
Ömrüm sakawlady saňa ýetende,
Dörtburç arzuwlarmy togalap bilmän.
Sen meni şahyrlyk hetdine eltdiň,
Söneňkirlän ylhamymy gorjalap.
Söz aýtsam,
çem tapyp, eger aýdaýsam,
Ýeri, näme diýip berersiň jogap?!
Eger sözüm alsaň, ýürek näderkä,
Megerem, partlar ol bagta çydaman.
Ýöne «ýok» diýäýseň, estagfurylla,
Nirede, nähili dilärkäm aman?!
Seýitmyrat GELDIÝEW.