Göwün küýsegiSlider

Arzuwym azaşdy, öte howlugyp…

Ogulnur Pirjikowa

10-03-2022 / 16

Arzuwym azaşdy, öte howlugyp,
Hyýallarym umytlarma gowrulyp,
Diý: «Ýa gowy bolar, ýa-da gowluga»,
Özümden kän zada garaşan wagtym.

Bilseň, söýgüň ýaraşygy ynamdyr,
Ynsan şonuň bilen beýge galandyr,
Dideleriň nurydygma ynandyr,
Özümden öýkeläp, ýaraşan wagtym.

Kinämi ir-giçde ýeňjekdigime,
Goşgularňa siňip geljekdigime,
Ynan, bagtyň bolup biljekdigime,
Sabaňa düýş bolup oraşan wagtym.

* * *

Göwnüm göwnüň tarap, göwnüni bölmän,
Görnetin, meýletin golun uzatdy.
Ýagyş ýagdy kepän kalbymy ölläp,
Hemem ýene köne ýaram gowzatdy.

Inçe tarlaryna kak ýüregimiň,
Gyz göwnüni götermegem sogapdyr.
Ähli zatlar garşylykly bolmaly,
Uzadan ellermi goýma jogapsyz.

Ogulnur PIRJIKOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu