Habarlar

Xiaomi açyk aýdyň telewizory hödürledi

09-03-2022 / 11

Xiaomi-den ýene bir täzelik. Birnäçe aý mundan ozal taslamasy hödürlenen Xiaomi-iň açyk aýdyň telewizory Mi TV “LUX OLED Transparent Edition MWC 2022”-de görkezildi.

Xiaomi-niň döredilmeginiň 10 ýyllyk dabarasynyň bagyşlanyp guralan sergide ulanyjylara hödürlenen telewizorda 55 dýuýmlyk panel bolup, 120 Hz täzelenme tizligi we 1 ms jogap wagty bilen gaty täsirli panelde, DCI-P3 reňk profiliniň 150,000:1 hem-de 93 göterimine garşylyk gatnaşygy bar.

Xiaomi enjamyň arkasyna ýaýratmagyň ýerine, ähli enjamlary tegelek meýdanda ýygnamagy netijesinde telewizor aç-açan bolup biler. TOLED tehnologiýasynyň kömegi bilen yşyklandyryşa zerurlyk bolmazdan bu täsirli şekili alyp bolýar. Elbetde, bu gaty täsin bir telewizor. Suraty optimizirlemek üçin bolsa “Media Master Smart Motor” tehnologiýasy bilen bilelikde “MediaTek 9560” prosessory ulanylýar. Şeýle-de, hödürlenen bu täsin telewizoryň tejribesini synlamak üçin ilki bilen telewizoryň çykmagyna garaşmalydyrys. Ýagny Xiaomi-niň bu telewizory şu ýylyň 16-njy awgustynda çykarylyp, bahasy takmynan 7200 dollar bolar.

Ýazmyrat ÝAGMUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň III ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu