Göwün küýsegiSlider

Eje, ýüregime keşbiň çekdim!

09-03-2022 / 32

Pikir ummanyna düşeňsoň, ilki bilen hakydaňda ýatlamalar janlanýar. Pikiriň bölünmese, çagalykdan, ýetginjeklikden, jahyl çykan döwrüňden başlap, tä şu günlere çenli dürli durmuşy wakalar, edil çeper filmiň şekilleri ýaly göz öňüňde janlanýar. Şolaryň iň ýakymlysy, kalbyňa nur çaýýan rahatlygy peşgeş berýäni eje hakyndaky ýatlamalar bolsa gerek.

Eneler üçinem perzendiniň başdan geçirmelerini ýatlamak, olary mähirli alada bilen gurşap almak iň ýakymly pursatlardyr. Olar hem biziň çagalygymyzy ýatlanlarynda, bir pursatlyk ýaşarýan ýaly bolýarlar. Eziz perzentlerini uzaklarda galan çagalyk ýatlamalaryna “syýahata” äkidýän enelerimiz bizi hem bir pursatlyk ýaşardýarlar.

Ejem ilkinji dişimiň çykanyny ýatlap, hemişe kellesini ýaýkaýar. “Şol günler, baý, gyzdyrypdyň-a. Gije-gündiz seniň başujuňda oturandyryn” diýýär. Ilkinji gezek oturyp-turşumy, ilkinji ädimimi ýatlap ýylgyrýar. Çagalar bagyna gatnap başlanymy gürrüň berýär: “Eje, senem meniň bilen galaý-da” diýip, ýalbaryp, baý, näz edipdirin-ä. Senem, onsoň, gaýdybilmän, tä beýleki çagalar bilen oýnap başlaýançam, penjiräniň aňrysyndan synlap durýan ekeniň. Köşeşip, çagalar bilen oýnap başlanymy görensoň, ynjalyp, işiňe gidýärdiň. Eje, sen şu wakalary gürrüň bereniňde, öňkiňden hem has mähriban görünýärsiň. Hawa, men bilýän, eje. Şähere göçüp gaýdanymdan soň, aýdan-ýyldan bir baryp, seniň bilen seýrek didarlaşýanymy ýa-da setanda-seýranda jaň edip, habaryňy alýanymy, bilýän. Ýöne, seniň mährem keşbiň meniň kalbymda kuýaş bolup mähir çyragyny nurlandyryp dur, mylaýym elleriň ýylysy bolsa, göwnüme rahatlyk paýlaýar.

Perzentleriniň hal-ýagdaýynyň niçikligini bilmek eneleriň mydama serinde. Olar bu barlykda perzentleriniň sag-salamat gezip, bagtly bolmagyny arzuwlaýarlar. Mähir ene bilen perzendiň arasyndaky iň näzik duýgudyr. Her bir çaganyň körpelikde eline galam alyp, ilki çeken suratynyň düşnüksiz bir çyzygam bolsa, onuň barmak çommaldyp “eje şu sen” diýip, göwni hoş bolşuny hemmämiz bilýäris. Mugallymlar mekdepde ýa-da çagalar bagynda çagalara surat çekmegi tabşyrsalar, olar bilen özüniň ene-atasynyň elinden tutup duran keşbini çekýär. Şular ýaly surata üns bilen seretseň, olaryň keşbinde bagtyýarlyk, şatlyk alamatlary görünýär. Sebäbi ene-atasynyň mährine çoýunyp söýülýän çaga bagtlydyr, mähribandyr.

Eje, seniň arzuwyň  hasyl boldy. Men bagtly. Oglumyň başyny sypap, hüwdüläp oturyşyma, seniň hem şeýdip mähir bilen meni ulaldanyň göz öňümde janlanýar. Çagalygymda eşiden hüwdülerim ajaýyp mukam ýaly gulagymda ýaňlanýar. Eneleriň kalbyndan owaz bolup çykýan hüwdüsi päk umyt-arzuwdan, asylly maksatdan hem-de ýagty ýaşaýşa bolan ynam pelsepesinden gözbaş alýar. Uklanymyzdan soňam, seniň bizi uzak wagt synlap, ýylgyranyňy bilýärin. Sowuk gijelerde birnäçe gezek oýanyp, ýorganymyza üstümize ýapyp, soňra ynjalyp ýene uka gitýäniňi-de bilýärin. Mekdebe gidenimizde-de, alan bäşliklerimizi ilki ejemize buşlardyk. Şonda olaryň päk kalbyndan çykýan alkyşlary çaga dünýämize nurly ýalkym bolup çaýylardy.

Göwnümizi ganatlandyrýan jümleleri aýdyp, indiki ösüşlere ruhlandyrýanam, mähriban eneler, sizsiňiz! Biziň ynjan ýerimizde siziň ýüregiňiz paralanýar. Biziň ýeňişli menzillerimizde bolsa, özümizden artyk begenýän ynsanlar sizsiňiz. Uly durmuşa ugrukmakda ilkinji hemaýatkärimiz, eziz  enelerdir.

Mährijemal GURBANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu