SliderTagamlary taýýarlamak

Şekersiz we ýagsyz browniniň taýýarlanylyşy

09-03-2022 / 32

Gerekli önümler:

– Ýarym stakan gyzyl merjimek (çeçewitsa); 

– Ýarym stakan süýt;

– 3 ýumurtga;

– 3 ýa-da 4 nahar çemçesi bal;

– 1 çaý çemçesi hamyr tozy (разрыхлитель);

– 1 paket vanil (islege görä);

– 2 nahar çemçesi kakao;

– Kokos 50 gram ownuk paketlerde;

– Bezemek üçin hoz, şokolad bölekleri we ş.m.

Taýýarlanylyşy:

Ilki bilen merjimegi (çeçewitsa) 1 gije öň köp suwda saklalyň. Suwy wagtal-wagtal süzüp, täzeden dolduralyň (takmynan 3 gezek) we azyndan 12 sagat garaşalyň.

Gyzyl merjimek bilen süýdi garalyň.

Soňra galan zatlaryň hemmesini goşup, gabyga ýerläliň, şokolad hozy we ş.m. bilen bezäp bilersiňiz.

180 gradusda gyzdyrylan peçde takmynan 25-30 minut bişirmeli.

Işdäňiz açyk bolsun!

Gülşat ÇETILIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu