Habarlar

Gündogar sebitiň iň eýjejik gyzlary bäsleşdiler

«Iň eýjejik gyzjagaz — 2022»

08-03-2022 / 9

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz—2022» atly şadyýan bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi.

Milli bahar baýramy mynasybetli orta mekdepleriň 2—4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda bu bäsleşige welaýatdan jemi 24 okuwçy gatnaşyp, saz çalyp, aýdym aýtmakda, milliligi wasp etmekde, el işlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler. Ýeňijiler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňijiler şeýle kesgitlendi:

1-nji orun — Şöhle Mämiýewa, Saýat etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy;

2-nji orun — Milana Döwletowa, Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy;

3-nji orun — Şeker Sapaýewa, Halaç etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Rahman ERGEŞOW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Surata düşüren Merdan ORAZOW.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu