7-nji martda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.
Köşgüň sahnasynda guralan konsertde ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, meşhur tans we folklor toparlary, bagşy-sazandalar, estrada aýdymçylary we ýaşajyk artistler özleriniň ajaýyp çykyşlaryny, sungat eserlerini mähriban gelin-gyzlara, olaryň bagtyýar durmuşyna bagyşladylar.
Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde milli sazlar, nusgawy aýdymlar, zenan bagtyýarlygyna, wepadarlygyna, ene söýgüsine we yhlasyna bagyşlanan häzirki zaman hem-de halk aýdymlary ýaňlanyp, olar häzirki döwürde topragyň bahar howasy bilen janlanýan pursatlarynda emele gelen gözelligiň nusgasy hasaplanylýan gelin-gyzlaryň waspyny ýetirýän sena öwrüldi.
«TürkmenGazet».