Habarlar

Mähriban enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy

08-03-2022 / 11

7-nji martda paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şolaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, türkmenistanly zenanlaryň 300-e golaýyna «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.

Şeýle-de, «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýelän eneleri sylaglamak, köp çagaly maşgalalara ýokary amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny gowşurmak dabaralary ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde hem geçirildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu