HabarlarSiziň üçin...Söz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Dünýäniň iň mähriban ynsanlaryna

Baýramyňyz bilen, eziz zenanlar!

07-03-2022 / 57

Baharyň ilkinji günlerinde gelin-gyzlaryň baýramynyň bellenilmegi tötänden däl. Tebigatyň täzeden janlanýan, ilkinji bahar gülleriniň gül açýan döwri owadan, mährem ýüzli zenanlarymyza çalymdaş ýaly. Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy bolan zenanlar durmuşymyzyň göwher gaşy, dünýämiziň görki, ýaşaýşymyzyň daýanç sütünleridir. Türkmen zenanlary bu günki günde eşretli zamananyň hözürini görüp, bagtly durmuşda ýaşaýarlar.

Mukaddes eneler! Ynsanyň durmuşynda onuň ornuny hiç kim bilen dolup bolmaýan şeýle bir eziz ynsan bardyr. Ol hem bolsa, enedir. Eneler durmuşymyzyň bezegi, kalbymyzyň nurudyr. Eneler ýylgyrsa dünýämiz ýaza dönýär. Olaryň ýylgyrşy başga hiç kimiň ýylgyrşynda gaýtalanyp bilmez. Goý, ene atly mukaddes ynsanyň gülki sesleri mydama belentde ýaňlansyn!

Mähriban eneler, uýalar, gelin-gyzlar! 8-nji mart — Halkara zenanlar günüňiz gutly bolsun! Bagt, şatlyk, gülki bagtyýar durmuşyňyzyň elmydama hemrasy bolsun! Zenanlaryň mähirli nazary baharda açylan owadan bägüller mysaly töwerege nur çaýsyn! Olaryň ýürekden gaýdýan owadan ýylgyryşlarynyň dowamaty hiç haçan egsilmesin!

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu