
Kitap okamak. Estetika bolsun, psihologiýa bolsun, kitap okaýan zananlar düşbi, söz baýlygy giň adamlar bolýar. Bu bolsa olaryň içki dünýäsini gözelleşdirip, daş-töweregindäkiler bilen gowy gatnaşyk saklamagyna ýardam berýär.
Sport bilen meşgullanmak. Sporty özüniň ýörelgesine öwren zenan islendik ýaşda-da owadan görünmäge ukyplydyr. Psihologlaryň aýtmagyna görä, sport garrylygy yza tesdirýän, ýaşlygyňy saklamaga kömek edýän täsirli güýçdür. Zenan gözelligini saklamak üçin sport bilen meşgullanmak zerurlyk bolup ýüze çykýar. Çünki onuň ruhy halaty hem gan aýlanyşy bilen belli bir derejede baglylykda bolýar. Eger siziň meşgullanýan sport görnüşleriňiz ýoga ýa-da tans bolsa, bu hasam gowy. Bularyň ikisem aýallary energiýa bilen doly üpjün edýär.
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek. Bu aýallaryň durmuşynda iň uly üns bermeli zady bolsa gerek;
Nähili iýmitlenýäňiz?
Näçe wagt uklaýaňyz?
Näçe wagt işleýäňiz? Bularyň ählisiniň sanawyny kadaly düzmek gerek.
Söýülmek. Bu zenanlaryň durmuşynda iň ýiti zerurlykdyr. Söýülýän zenan garramaýar diýip eşiden bolsaňyz gerek. Hawa, zenan özüni söýýän taýyny saýlap almagy hökmanydyr.
Ynam. Her bir zenan özüniň tapylgysyzdygyna ynanmalydyr. Aýal ilki bilen özüne ynanmakly, özüni söýmeli. Ana ondan soň töweregindäkiler hem şony eder.
Mähriban zenanlarymyz, siz hemişe owadan boluň! Gözellik siziň durmuşyňyza siňsin! Baýramlaryňyz gutly, sowgatly bolsun!
Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.