Siziň üçin...SliderSöz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Ol nähili döredi?

Halkara zenanlar güni

07-03-2022 / 9

1857-nji ýylyň 8-nji martynda ABŞ-nyň New Ýork ştatynda 40 müň dokmaçy aýal işlerini ýeňilleşdirjek täze şertleriň döredilmegini talap edip, dokma fabriginden işlerini taşlap başlaýarlar. Emma polisiýanyň işgärleri dokmaçylara topulýarlar we olary fabrige salyp, daşyndan gulplaýarlar. Soňra fabrigiň içinde ýangyn döreýär. Bu ýangynda dokmaçylar fabrigiň öňündäki päsgelçilikden geçip bilmeýärler. Bu sebäpli 120 sany dokmaçy zenan wepat bolýar. Zenan işgärleriň jynazasyna 10 müňden gowrak adam gatnaşýar.

1910-njy ýylyň 26-27-nji awgustynda Daniýanyň Kopengagen şäherinde geçirilen 2-nji Halkara Sosialistik Zenanlar Konferensiýasynda Germaniýanyň Sosial Demokratik Partiýasynyň başlygy Klara Setkin 1857-nji ýylyň 8-nji martynda dokma fabriginde dörän ýangynda wepat bolan zenan işgärleriň hatyrasyna 8-nji marty ,,Internationaler Frauntag’’ ýagny, Halkara Zenanlar Güni hökmünde ýatlanmagyny teklip edýär we bu teklip biragyzdan goldanýar. Baýramçylyk üçin ilkinji ýyllarda belli bir gün kesgitlenilmändi, emma her ýyl ýaz aýlarynda (ýatlama güni hökmünde) bellenilýärdi. 1921-nji ýylda Moskwada geçirilen 3-nji Halkara Zenanlar Konferensiýasynda (Halkara Kommunistik Partiýalar duşuşygy) 8-nji marty ,,Halkara işçi Zenanlar Güni’’ diýip yglan edýärler. Birinji we ikinji jahan urşy döwründe käbir ýurtlarda bellenilmegi gadagan edilen Halkara Zenanlar Güni 1960-njy ýyllaryň soňunda ýüze çykan dürli demonstrasiýalarda bellenilip başlady we Günbatar ýurtlarynda baýramçylyk hökmünde bellenilmegine uly täsirini ýetirdi.

Birleşen Milletler Guramasy, 1977-nji ýylyň 16-njy dekabrynda 8-nji marty ,,Halkara Zenanlar güni’’ hökmünde bellenilmegini kabul etdi.

Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu