Ylmy ýazgylarda zenanlar tarapyndan Müsür zamanyndan biziň günlerimize çenli üç müň ýyl bäri bezeg material hökmünde ulanylyp gelnen hynanyň öz aýratynlyklary bolup, häzir hem «Eý görülýän önümdigi» aýdylýar.
Alymlar paleozoý zamanyndan bäri gözel bolmaga çalşan zenanyň geçmişdäki bezeg serişdesi hökmünde ulanan kosmetikasynyň arasynda hynanyň aýratyn ornunyň bardygyny belleýärler.
Ylmy ýazgylarda gadymy Müsürde-de hynanyň belli bolandygy aýdylyp, «Saça dürli reňk we gözellik berýän hynanyň şol bir wagtda saçlary mikroblardan goraýandygy-da bilinýärdi» diýilýär.
Hyna agajynyň salkym görnüşindäki kiçi, kaşaň we ak güllerini bezeg üçin ulanypdyrlar. Faraon Tutan Hamonyň gubrundan hyna güli şekilinde altyndan ýasalan monjuklar tapyldy. Ýahudy koroly Herodyň ejesine, Antoniusdan we Kleopatradan bolan şa gyzlaryna hyna güli bilen baglanyşykly atlar dakylypdy. Bu zatlar müsürli zenanlaryň öz bedenlerine, aýratyn-da, saça timar bermeklige uly üns berendiklerine aýdyň mysaldyr.
Asyrlarboýy Gündogar zenanlary hyna gülüni saçlaryna bezeg hökmünde-de dakypdyrlar. Olar hyna ýapraklaryny ezip, kül ýaly edipdirler. Soňra muny garyşdyryp, emele gelen özboluşly boýagy ulanypdyrlar.
Bedende döreýän ýarany we kelleagyryny aýyrmakda-da hynanyň nepiniň degýändigi aýdylýar.
Solmaz ÇARYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dokma önümçiligi fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.