SliderSport

Dünýäniň gadymy 5 siwilizasiýasyna gaýybana syýahat

04-03-2022 / 5130

Hytaý

Gadymy taryhy, medeni ösüşleri we özüne mahsus hat-ýazuwy bilen siwilizasiýanyň ilkinji mekany diýip, dünýäde tanalýan Hytaý ýurdy türkmenler tarapyndan «Çyn-Maçyn» diýip atlandyrylypdyr. Bu ýerde ilkinji hat-ýazuw b.e.öňki II müňýyllykda ýüze çykyp, ol özüniň esasy görnüşini häzir hem ýitirmändir. Gadymy Hytaý ýazgylarynyň käbirleri asyl nusgasynda biziň günlerimize gelip ýetipdir. Hytaýda hatyň süňklere, gap-gaçlara, agaç tagtalara, ýüpek matanyň ýüzüne ýazylan görnüşleri duş gelýär. Hatda Hytaýda b.e.öňki I asyrda ilkinji kagyz oýlanyp tapylypdyr.

Hindistan

 

Dünýäde meşhurlyk gazanan medeni siwilizasiýalaryň ählisi hem biri-birleri bilen dürli taryhy döwürlerde haryt-söwda we medeni gatnaşyklarda bolup, olaryň ählisi «Beýik Ýüpek ýolunyň» ugrunda ýerleşipdirler. Ýüpek ýolunyň günorta şahasynda ýerleşýän Hindistan taryhda baý ýazuw çeşmeleri bilen hem-de dünýäde özüni tanadan milli medeni miraslary bilen giň meşhurlyga eýe boldy. Hindistanda ilkinji siwilizasiýalar b.e.öňki III-II müňýyllyklarda Hind derýasynyň jülgesinde döräpdir. Olaryň esasy merkezleri bolan şäherleriň galyndylary häzirki Harappa we Mohenjo-Daro etraplarynda tapylýar. Bu ýerde tapylan hat-ýazuwlar agajyň we daşyň ýüzüne ýazylan az sanly ýazgylaryň tapylmagy hindileriň taryhda dürli ýurtlar bilen syýasy gatnaşyklarynyň hat-ýazuwlary arkaly geçirilendigini subut edýär.

Margiana — Marguş

Taryhy ýadygärliklere baý gadymy türkmen topragy hem dünýä siwilizasiýalaryň mekany hökmünde Mesopotamiýa, Müsür, Hytaý we Hindistandan soňra bäşinji merkezi gadymy Marguş ýurdy diýip, alymlar ykrar etdi. Bu ýurduň taryhda hakykatdan-da bolandygyny Eýranyň Behistun dag gaýasynda oýulyp, üç dilde klinopis ýazgysynda b.e.öňki 522-nji ýylda pars şasy Dariýniň Gadymy Mary topragyny – Marguş diýip atlandyryp agzamagy hem subut edýär. Gadymy Marguşda geçirilen gazuw barlag işlerinde köp sanly şäherleriň we obalaryň, galalaryň üsti açyldy. Bu ýerde hat-ýazuwyň dörändigini otparazçylyk dini bilen bagly «Awesta» kitabyndaky ýazgylar hem-de şol ýerden tapylan keramika önümleriniň ýüzündäki şekiller şaýatlyk edýär.

Mesopotamiýa — Ikiderýaralyk

Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Mesopotamiýa ýurdy özüniň taryhy gymmatlyklary we ýazuw ýadygärlikleri bilen dünýäni haýran edýär. Iň bir ösen siwilizasiýanyň watany bolan hem-de ýerleşişi aýratynlygy bilen tapawutlanýan şäherleri köp alymlaryň üns merkezinde boldy. Beýleki siwilizasiýalardan tapawutlykda Tigr hem-de Ýewfrat derýasynyň aralygynda ýerleşýän Mesopotamiýa özüniň köp sanly ýazuw ýadygärliklerini özünde jemleýär. Ilkinji kanunçylyk döwlet resminamalary bolan «Hammurapiniň kanunlary» hem Mesopotamiýanyň gadymy döwürde iň ösen merkezleriň hatarynda bolandygyny subut edýär. Bu ýerde ilkinji hat-ýazuwlar Şumerler döwleti döwründe «Şina» şekilli hatyň ýüze çykmagyndan başlanypdyr. Hat-da Mesopotamiýa ýurdy öz ösen döwründe Marguş ýurdy we beýleki siwilizasiýalar bilen söwda hem-de diplomatik gatnaşyklarda bolandygyny alymlar belleýärler.

Müsür

Dünýäniň taryhçylary we syýahatçylary tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolan gadymy Müsür ýurdy özüniň piramidalary we milli hat-ýazuwy bolan iýeroglifleri bilen giň meşhurlyga eýe bolupdyr. Gadymy Müsürde hat-ýazuwlar ybadathanalaryň diwarlaryna dürli görnüşli şekiller bilen ýerine ýetirilipdir. Ol ýerdäki her bir şekil bir alamaty ýa-da harpy aňladypdyr. Müsür ähli ugurda ösüp, ilkinji ýazgylary «Papirus» diýip atlandyrylýan, gamyşdan edilýän materialyň ýüzüne ýerleşdirlipdir. Bu ýerde edebiýatyň we lukmançylygyň ösmegi hat-ýazuwyň has hem zerurdygyny görkezipdir. Müsürliler dini garaýyşlary bilen bagly däp-dessurlaryny ýörite papiruslara geçirip, öz nesillerine sowgat beripdirler. Olar edebiýatda hem uly ösüşe eýe bolup, dürli wakalary diwarlaryň ýüzüne iýeroglifler arkaly beýan edipdirler.

Dinara KLYÇEWA,

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu