SliderSöz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Bahar enelere meňzeýär asyl…

04-03-2022 / 27

Bahar paslynyň gelmegi bilen tebigat täzeden janlanyp, gözel görke eýe bolýar. Aslynda, bahar pasly ähli gözellikleri enelerden alan ýaly. Baharyň mylaýym howasy eneleriň perzendine bolan gyzgyn söýgüsine, baharda açylan al-elwan güller seredeniňde mähir nurlary ýagyp duran eneleriň nurana, owadan ýüzlerine, baharda saýraýan bilbil guşunyň sesi ýagşy arzuw-umytlara beslenen, owazy gulaga ýakymly ene hüwdüsine meňzeýär. Eneleriň nurana keşbi ýadyňa düşende, isle ol döredijilik adamsy bolsun, tapawudy ýok, kalbyň bu mukaddes ynsana bagly ýürekden gaýnap çykýan sözlere telwas urýar:

Täzeden janlanýar tebigat munda,

Bahar pasly diýseň ajaýyp pasyl.

Zemin güllär asman nurun saçanda,

Bahar enelere meňzeýär asyl.

 

Dostluk mekanynda joş urýar bahar,

Ýaz deý gözel enelerimiz-janymyz.

«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym»

Diýýär bu gün eziz Arkadagymyz.

Eneler — dünýämiziň ýazy. Olar bilen dünýämiz has-da gözel. Çünki eneler beýik gudratdyr. Goý, durmuşyň diregi, zeminiň görki hasaplanýan eneleriň gülki sesleri mydama belentde ýaňlansyn!

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu