Habarlar

«Talyp gözeli — 2022» bäsleşigi jemlendi

04-03-2022 / 11

3-nji martda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda yglan edilen «Talyp gözeli»  gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolmagy başaran talyp gyzlaryň 22-si gatnaşdy.

Bäsleşik üç şertden ybarat boldy. Birinji şerte laýyklykda, talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda yglan edilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň ikinji şertine görä, talyp gyzlar milli Liderimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda beýan edilýän türkmen milli tagamy bolan unaş kesmekde özara bäsleşdiler. «Hünärim bar — hormatym bar» atly üçünji şertde bolsa, talyp gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan keşde çekmek boýunça başarnyklaryny görkezdiler.

Ýeňijiler şeýle kesgitlendi:

Baş baýrak — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby Gülbäbek Mämmedowa.

1-nji orun — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Maýa Çaryýewa.

2-nji orun — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Merjen Annadurdyýewa bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Merjen Bekçerowa.

3-nji orun — Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Jahan Ataşowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby Zübeýda Mäterowa, şeýle-de Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Leýli Soltanowa.

Ýeňijilere Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu