PsihologiýaSlider

Näme üçin ilikler sagda we çepde?

04-03-2022 / 8

Bilşimiz ýaly, erkek egin-eşiklerinde ilikler sagda, aýallaryň egin-eşiklerinde bolsa çep tarapda tikilýär. Bu düzgüniň jemgyýete ornaşmagynyň 3 sebäbi barada aýtsak, olar şu aşakdakylardyr:

Irki döwürlerde ilikler zerurlyk hökmünde däl-de, gymmatly bezeg hökmünde ulanylypdyr. Olar gymmatbahaly metallardan ýasalypdyr. Şonuň üçinem ilikli eşikler diňe barly aýallara geýmek nesip edipdir. Olara geýinmäge bolsa hyzmatkärler kömek edipdirler. Aýal eşiklerinde ilikleriň çep tarapda tikilmegi hyzmatkärlere olary ildirmek üçin golaýlyk döredipdir.

Ilikleriň sagda we çepde tikilmegi fransuz imperatory Napoleon Bonapartyň buýrugyndan gelip çykypdyr hem diýilýär. Çünki şol döwürlerde aýallar goşun serkerdelerine öýkünip geýinmegi halapdyrlar. Bu bolsa imperatoryň gaharyny getiripdir. Şonuň üçinem Napaleon erkekleriň we aýallaryň egin-eşikleriniň biri-birinden tapawutly bolmagy üçin bu düzgüni ýola goýupdyr.

Munuň üçünji sebäbi din bilen baglanyşyklydyr. Ilikleriň dürli taraplarda tikilmegi musulman halklarynda has ýörgünlidir. Çünki Kurany Kerime görä erkekleriň we aýallaryň eşikleriniň biri-birinden tapawutlanmagy hökmanydyr. Hut şonuň üçinem ilikler aýallarda çep, erkeklerde sag tarapda tikilýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu