Bilşiňiz ýaly, TikTok dürli temalardaky wideolary bolan platforma. Bu düşünjeleriň biri-de hiç şübhesiz makiýaj wideolary bolsa gerek. Makiýaj wideolaryny döredýän adamlary we olary yzarlaýan janköýerleri begendirjek täze söwda mümkinçiligi döredi. Amazon, iň ýokary derejeli make up önümlerinde köp sanly teklip hödürleýän TikTok dükanyny açdy. Make up önümleri bolan TikTok dükany häzirki wagtda Amazonda.
TikTok ulanyjylary wagtal-wagtal käbir tendensiýalary getirýärler. Platformada şol tendensiýa edil şemal ýaly öwüsýär. Olardan biri-de “#tiktokmademebuy” heşteýki bilen atlandyrylýän belli akym. Bu at bilen toplanan wideolaryň maksady, görmezden ozal pikir etmedik, ýöne göreniňizden soň şol bada satyn almak isleýän önümleriňiziň görkezilmegidir.
Edil şonuň ýaly, gözellik önümlerinde-de adamlar bir wideo arkaly ulanmakdan lezzet alarsyňyz diýip pikir edýän önümlerini siz bilen paýlaşýarlar. Elbetde, şular ýaly söwda ýaýramagynyň tendensiýasy Amazon tarapyndan ünsden düşmedi. Şeýlelik bilen bu ýerde iň köp sargyt edilýän meşhur gözellik önümleriniň satylmagy üçin “TikTok” -yň kömegi bilen TikTok dükany açyldy.
“TikTok Made Me Buy” 7-nji martda onlaýn söwda çäresi hökmünde Amazonda geçiriler.
«TürkmenGazet».