Ülkämize bahar pasly gadam goýdy. Ýazyň gelmegi bilen, daýhanlarymyzyň iş-aladasy hem köpelýär. Bu döwür — balaryçylar üçin has-da jogäpkärli möwsüm.
Balarylaryny idetmekde balçylaryň ýerine ýetirýän işleri, ýyl boýunça dört döwre bölünýär. Birinji — janlanýan döwri bolup, onda arylaryň işjeňligi ösümlikleriň gülleýän wagty bilen baglanyşykly bolýar.
Ikinji ösüş döwri — ary maşgalasynyň köpelýän, onuň azyk ýygnamaga taýýarlyk görýän wagty hasaplanylýar. Üçünji döwri balarylarynyň işjeň hereket edýän döwri bolup, esasan, olaryň bal ýygnaýan döwrüdir.
Balarylarynyň ýaşaýşynyň dördünji döwri dynç alýan döwür diýlip atlandyrylýar. Bu döwürde arylar gyşa taýýarlyk görýärler hem-de gyşlaýarlar. Bu döwürleriň hersiniň öz aýratynlygy bolýar. Balary maşgalasynyň sagdyn ösüşi, bal ýygnaýşy her döwürde işiň birkemsiz ýerine ýetirilişine, bal berýän gülli ösümlikli ýerleriň saýlanyp alnyşyna bagly bolýar.
Arylar mart aýynyň ortalaryndan uçuşa başlaýarlar. Maşgalanyň köpçülikleýin uçmagy, onuň gyşdan gowy çykandygyny görkezýär. Mart aýynda howanyň üýtgäp durmagy arylaryň bal ýygnamagyna päsgel berýär. Şonuň üçin ýyly günler başlaýança, gutynyň gapagyny açmak maslahat berilmeýär.
Arylar ilkinji uçuşlaryndan başlap, öýjükleri arassalamak, täzesini gurmak, köpelmegi üçin zerur bolan gül tozanjyklaryny toplamak ýaly işlere başlaýarlar. Biziň howa şertlerimizde arylar aprel aýynyň ahyrlarynda, iýun aýynyň başlarynda doly güýjüne girip, şire we gül tozanjyklaryny getirip başlaýarlar.
Aprel, maý aýlary bal ýygymy üçin örän amatlydyr. Bu döwür miweli we ir-iýmişli baglaryň, meýdandaky otlaryň köpçülikleýin gülleýän döwri bolansoň, tejribeli balçylar maý aýynyň başynda birinji bal ýygymyny almagy başarýarlar. Ýurdumyzda düşewüntli pudaklaryň biri bolan balaryçylykda gazanylýan üstünlikler balaryçylaryň yhlasyna, ýaz paslynyň gelşine bagly bolup durýar.
Nurmyrat BABAGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 4-nji ýyl talyby.