SliderSöz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Ene ─ ýürekleriň bagbany

8-nji mart ─ Halkara zenanlar güni

02-03-2022 / 5036

Ene! Gör, nähili ýürege ýakyn, mähirli, mähriban söz! Dünýäde ene ýaly eziz, mukaddes ynsan barmykan? Ene öz balasyna mährini siňdirip, ony gijeler uklaman ulaldýar. Ene balasy üçin dünýä malyny bermäge, öz janyny gurban etmäge-de taýýar.

Ene üçin eziz balasy ulalandan soň hem çaga ýaly bolup görünýär. Ene elmydama ganatlaryny gerip, balasyny ähli bela-beterlerden, howp-hatarlardan goramaga çalşar.

Il içinde şeýle bir rowaýat bar: bir galanyň daşyny duşman goşunlary gabapdyr, gala barýan suwy hem başga tarapa sowupdyr. Galanyň içindäkiler tomsuň jöwzasynda suwsuzlykdan heläk bolup başlapdyrlar. Ine, birdenem, gabalan galanyň içinden eli küýzeli bir aýal çykyp, daş-töwerekdäki duşmanlardan, ýagyp duran oklardan heder etmän, göni galany gaban hanyň çadyryna tarap ugraýar. Esgerler ony tutup, hanyň ýanyna alyp baranlar. Han oňa:

─ Eý, zenan! Sen meniň ýanyma gelmäge neneň het edip bildiň? Meniň gazabyma döz gelen ýokdur! ─ diýeninde, aýal:

─ Eý, han, men seniň zalymdygyňy bilýän. Ýöne eziz balasynyň suwsuzlyk belasyndan heläk bolup barýandygyny gören ene, ony elinden gidirýänçä garaşyp durup bilermi? Ol ejiriň ýanynda seniň zalymlygyň nedir? Ine, şu küýzäni dolduryp, meniň ganymy al-da, deregine suw ber ─ diýipdir.

Bu sözleri eşiden hanyň öz enesi ýadyna düşüp: “Eger menem şeýle agyr güne düşsem, meniňem ejem meni halas etmek üçin janyndan geçip, şeýle merdanalyk ederdi” diýip, akylyna aýlanypdyr. Soňra galanyň daşyndan öz goşunyny aýyryp, suwy öňki akaryna sowdurypdyr.

Bu bir ene hakynda ýekeje rowaýat. Ýöne rowaýatyň aňyrsynda-da haýsydyr bir hakykat ýatyr.

Ene hakynda näçe ýazsaň azlyk edýär. Ol gijelerine dik oturyp, seni ulaltmak üçin özüni unudýar, seni sowukdan-yssydan goraýar. Näsag wagtyň gijäni gündize öwrüp, seniň başujyňy saklap oturýar, seni adam hataryna goşýar.

Ene ─ bu biziň güýjümiziň gözbaşy, ýüregimiziň bagydyr, ýüregimiziň bagbanydyr!

Maksud AÇILOW,

TMÝG-niň Farap etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu