Habarlar

Bahar gözelligi sergide öz beýanyny tapdy

01-03-2022 / 8

1-nji martda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Sergide bahar gözellikleriniň üsti bilen Watanymyzyň gülläp ösüşlerini, asudalygy, parahatçylygy wasp edýän sungat eserleri biri-biriniň üstüni ýetirip, ajaýyp sazlaşygy döredýär.

Halkara zenanlar gününe bagyşlanan bu sergidäki eserler milli medeniýetimizi, medeni mirasymyzy şöhlelendirýär. Olaryň arasynda gelin-gyzlarymyzyň halyçylyk, keşdeçilik ýaly el işleri, milli egin-eşikler, dutar we dutar ýasamak senetçiligini görkezýän sungat eserleri bar. Ajaýyp röwüşde sergilendirilen nakgaş, surat, amaly-haşam sungatynyň eserleri gadymdan gelýän el hünärini dikeltmekde we kämilleşdirmekde, ebedi gymmatlyklarymyzy hem-de medeni mirasymyzy wagyz etmekde döredilip berilýän şertleriň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Sergi 8-nji marta çenli dowam eder.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu