PsihologiýaSlider

Aňyň gimnastikasy

01-03-2022 / 19

Matematika aňyň çeýeligini ösdürmäge mümkinçilik berýän ylymdyr. Maşklaryň bedenimizi berkidişi ýaly, matematiki hasaplamalar aňymyzy türgenleşdirýär. Bu ylym boýunça beýniňi kämilleşdirmegi entäk çagalykdan başlamak zerur. Çünki matematika diňe bir pikirleniş endiklerini we ýady kämilleşdirmegi ösdürmän, eýsem, iň möhüm düşünjeleri saýgarmagy, dogry netije çykarmagy, derňemegi we umumylaşdyrmagy, logiki we abstrakt pikirlenmegi öwredýär. Şeýle hem:

—   Matematika adamyň intellektini (akyl ýetirişini) ösdürýär.

—   Matematika — halkara uniwersal dil. Çünki dünýäniň ähli halky bu «dilde» «gürleşip bilýär».

—   Matematika çagada pikirleniş endiklerini terbiýeleýär.

—   Matematika — gylyk-häsiýeti formirleýär. Ýagny bu ylym hasaplamalary dogry ýerine ýetirmek üçin zerur bolan ünslülik, tutanýerlilik, yzygiderlilik, anyklylyk ýaly häsiýetleri hem kemala getirýär. Amallary çözüp, aňymyzy baýlaşdyryşymyza laýyklykda bu häsiýetleri özümizde berkidýäris. 

—   Matematikanyň kömegi bilen zyýanly endiklerden saplanmak mümkin.

—   Matematika pikiri anyk we kesgitli beýan etmäge ýardam edýär.

—   Matematika ýatkeşligimizi türgenleşdirýär. ABŞ-nyň Stenford uniwersitetiniň alymlary matematiki meseleleri çözmegiň beýnimizde saklanyp galan köne maglumatlary gaýtalamaga mümkinçilik berýändigini anykladylar.

Gülşirin BEBITOWA,

Çärjew etrabynyň 5-nji «Berkararlyk» çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu