
28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň we Ýaşlar baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 82 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi.
Institutyň jemgyýetçilik guramalarynyň we “Ýaş žurnalistler” ylmy-döredijilik gurnagynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu döredijilik duşuşygyna institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary şeýle-de, görnükli şahyryň maşgala agzalary gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda şahyryň gyzy Ýazgül Ezizowa çykyş edip, kakasynyň ömür ýoly, döredijilik dünýäsi bilen baglanşykly gyzykly gürrüňleri berdi. Duşuşygyň dowamynda şahyr Artykjemal Annaöwezowa şahyryň goşgularynyň çeperçilik aýratynlygy, onuň geljekki ýaş şahyrlar üçin nusgalyk mekdep bolup durýandygy barada belläp geçdi.
Institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary tarapyndan şahyryň aýdyma öwrülen ajaýyp goşgularynyň ussatlyk bilen labyzly ýerine ýetirilmegi duşuşyga gatnaşanlara ruhy lezzet paýlap, duşuşygyň täsirliligini has-da artdyrdy.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimize ussat ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömür we döredijilik ýollaryny öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.