Siziň üçin...Slider

Maksim: «Aýdym aýtmagy täzeden öwrenýärin»

27-02-2022 / 12

Russiýaly meşhur aýdymçy Maksim koronowirus ýokanç keselini ýeňip geçeninden soň, sesinde näsazlygyň bardygy barada aýtdy.

2021-nji ýylyň tomus aýlarynda rus aýdymçysy Marina Maksimowa koronowirus ýokanç keseline duçar boldy. Dogan-garyndaşlary we muşdaklary onuň saglyk ýagdaýy hem-de durmuşy barada alada etdiler. Aýdymçy konsertinden soň agyr halda ýaraman, hassahana äkidilýär. Soňra ol hassahanada 2 aýlap emeli komada bejergisini almak üçin ýatyrylypdyr. Şondan soň alan bejergileriniň oňat täsir etmegi netijesinde, Maksimiň hal-ýagdaýy barada garaşylan gowy habar gelip gowuşýar. Ýagny onuň bedeni bu ýokanç keseline garşy göreşmegi başarypdyr. Häzirki wagtda bolsa aýdymçy reabilitasiýany ýeňip geçmek üçin göreşmegini dowam  edýär.

Ynha, şol günden bäri hem köp wagt geçdi, ýöne häzirki wagtda-da aýdymçy bedenini dikeltmegiň ugrunda. Maksim ýakynda “Bäşinji teleýaýlyma” beren interwýusynda häzirlikçe uçarda uçmagyň bolmaýandygy, mundan başga-da, sesinde näsazlyklaryň bardygy sebäpli häli-häzirem sesinden kynçylyk çekýändigi barada aýdyp, şeýle diýýär: «Men häzir wokal bilen meşgullanyp, aýdym aýtmagy täzeden öwrenýärin. Öýkenimdäki kynçylyklar bilen göreşmegimi dowam edýärin. Uçarda uçmaklygyň bolsa maňa känbir zerurlygy ýok».

Bu kesel diňe bir aýdymçynyň bedenine täsir etmän, eýsem, garyndaşlarynyň oňa bolan garaýşyny açyp görkezmegine hem ýardam etdi. Marina Maksimowanyň sözlerine görä, komada wagty ýakyn adamlary onuň resminamalaryny täzeden resmileşdirmäge başlapdyrlar. Haçan-da aýdymçy hassahanadan öýüne gaýdyp geleninde, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny biraz çäklendirmäge mejbur bolupdyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu