
Bu barada 25-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berildi.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi. Oňa laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça şertnamalary baglaşmak hem-de ýurdumyzyň pile öndürijilerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumy bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 2300 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 300 tonna, Balkan welaýatynda 50 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna hem-de Mary welaýatynda 440 tonna pile öndürmek meýilleşdirildi.
Döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýylda Türkmenistanda pile öndürmek hakyndaky resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we ýüpekçi kärendeçileriň dokma senagaty üçin wajyp bolan çig maly öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.
«TürkmenGazet».



