
Türkiýäniň ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri iň meşhur jübütleriň sanawyny yglan etdi. Sanawda öz hünärleri boýunça öňdebaryjy 3 jübüt hasaplanýan: Hande Erçel we Kerem Bürsin, Demet Özdemir bilen Oguzhan Koç, Hadise we Mehmet Dinçerler ýaly meşhur ýyldyzlar orun tutýar.
Ünsi çekýän zatlaryň biri-de, bu sanawda iň meşhur jübütleriň biri hasaplanýan Fahriýe Ewjen bilen Burak Özçiwidiň görkezilmändigindedir.

Jübütleriň arasynda Hande Erçel we Kerem Bürsin ses berenler tarapyndan özlerinde oňyn teswirleri döretdi. Sanawa ses berenleriň aglaba bölegi bu jübütleriň beýleki jübütlerden has tapawutlanýandygyny bellediler.


Diňe bir Türkiýedäki tomaşaçylaryň ses bermeginde däl-de, eýsem, daşary ýurtly janköýerleriň ses bermegi netijesinde bu sanawyň düzülendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda hem Hande we Kerem dünýäniň beýleki ýurtlarynda-da öz meşhurlyklary bilen rekord derejede ýokarlanmagyny dowam edýär.
«TürkmenGazet».