SliderŽurnalistiň sahypasy

Döwür bilen aýakdaş ýaşlar

Ýaşlara möhüm döwlet işleri ynanylýar

25-02-2022 / 14

Uly üstünlige beslenen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli Liderimiziň ösen  jemgyýetimiziň işjeň güýjüne öwrülen ýaşlara ýol bermek, ösüşiň täze tapgyrynda olara möhüm döwlet işlerini ynanmak baradaky wajyp başlangyjy giň goldawa eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz döwrebap nesli kemala getirmegiň halkymyz üçin ykbal kesgitleýji ähmiýetiniň bardygyna uly ünsi çekýär. Munuň özi biziň döwletimizde ýaşlar meselesine juda jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda döwlet Baştutanymyz: «Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin» diýip, ýaşlara uly ynam bildirýändigini ýene bir ýola nygtady. Bu başlangyç Gahryman Arkadagymyzyň syýasy edermenliginiň nyşany bolup, halkymyzyň gadymdan gelýän halypa-şägirtlik ýörelgesiniň döwlet derejesinde dabaralanýandygyny aýdyň görkezdi. Ýaşlara jogapkärli işleriň ynanylmagy, ýaşulularyň bolsa olara öwüt-ündew berip, halypalyk edip, dogry ýola ugrukdyrmagy, ýakyndan goldaw berip durmagy öňden gelýän türkmençilik dessurymyz bilen baglydyr.

Halkymyzda «Dowamatyň dowam bolsun!» diýen gowy arzuw bar. Hakykatdan-da, ähli hünärde, ähli işde dowamat gerek. Bagtyýar ýaşlarymyz milli Liderimiziň başyny başlan döwletli işlerini mynasyp dowam etdirerler. Olaryň halkyň ykbaly bilen bagly uly jogapkärçiligi öz üstüne alyp, öňde goýlan maksatlary amal etmegi döwletlilikden nyşandyr, pederleriň öňündäki parz, nesilleriň öňündäki mukaddes borçdur. Şeýle-de dünýäniň döwrebap medeniýetini milli ruhda özleşdirmekde we türkmen ýaşlarynyň dünýägaraýyşyny özgertmekde möhüm ädimdir.

Göwher MÖWLÝAMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Döwletli etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu